May 302013
 

Men ilkinji blogymy ors dilinde ýazyp başlapdym. Ýyl ýalňyşmasam 2002 bolmaly. Ol wagtlar internete girýän türkmenleri iki topara aýyrsa bolýady; Türkiýede okaýanlar birem Rossiýada okaýanlardy. Elbetde başgalaram bardyr, ýöne iň uly topar şeklinde şul ikisi bolup durýady. Men özüm şol wagtlar Ankarada talypdym, we birinji topara girýädim. Ýöne internetde ýazyşanda biziňkiler esasan ors dilinde ýazýadylar.

Memen şol wagtlar ors dilinde blog ýazyp başlapdym. Adresi ýalňyşmasam http://chishik.livejournal.com/ bolmalydy. Soň Google firmasy Blogger platformasyny satyn aldy, menem ondan yza galyp bolmaz diýip http://bunungibi.blogspot.com/ adresden türkçe ýazyp başladym. Bul bloglaryň ikisem işlänok häzir. Aslynda ol ýerde diňe başga ýerlerde tapan gyzyklyja zatlary paýlaşýadym. Continue reading »