Agajan şugünki mowzugynda Aşgabatda gar pursatlaryny paýlaşdy. Menem garyň ýagan gijesinden birnäçe pursady paýlaşaýyn diýdim. Suratlaryň hili fotoapparaty awtomatik gurnamalarda çekenim üçin pesdir. Esasy maksat sungat däl-de eýsem garyň ýagyş pursadyny paýlaşmakdy. Continue reading →
Daşoguz 2009-njy ýylda…
Ýaňy HardDiskimi arasslaýyn diýip köne faýllarymyň arasyna girdim. Içinde 2009-njy ýylda düşürlen suratlary tapdym.
Daşoguzda Sehil firmasynda işleýän döwürde, Agys Suw Zawody üçin gelen ýükleri gümrükden geçirýädim. Şähere çekilmek üçin 230 wagona golaý uly trubalar gelipdi. Şolaryň gelişini we düşürlşini surata düşür diýip elime bir köneje fotoapparat beripdiler firmadan.
Bizem, näme suraty düşürdik, ýöne arasyna şäherde wideo hem alypdyrs. Derrewjik YouTube goýdym wideolary. Görmek üçin dowama geçiň. Continue reading →
Blog platformalary
Men ilkinji blogymy ors dilinde ýazyp başlapdym. Ýyl ýalňyşmasam 2002 bolmaly. Ol wagtlar internete girýän türkmenleri iki topara aýyrsa bolýady; Türkiýede okaýanlar birem Rossiýada okaýanlardy. Elbetde başgalaram bardyr, ýöne iň uly topar şeklinde şul ikisi bolup durýady. Men özüm şol wagtlar Ankarada talypdym, we birinji topara girýädim. Ýöne internetde ýazyşanda biziňkiler esasan ors dilinde ýazýadylar.
Memen şol wagtlar ors dilinde blog ýazyp başlapdym. Adresi ýalňyşmasam http://chishik.livejournal.com/ bolmalydy. Soň Google firmasy Blogger platformasyny satyn aldy, menem ondan yza galyp bolmaz diýip http://bunungibi.blogspot.com/ adresden türkçe ýazyp başladym. Bul bloglaryň ikisem işlänok häzir. Aslynda ol ýerde diňe başga ýerlerde tapan gyzyklyja zatlary paýlaşýadym. Continue reading →
Aşgabat 8-nji martda
Bu ýyl Aşgabatda 7-nji mart güni gar ýagdy. Öňler mart aýynda gar ýagyp ýagmadygyny bilemok, ýöne iller ýaňy ýaňy gyş eşiklerini çykaryp başlapdylar welin ýene geýinmeli boldylar.
Men bolsa 8-nji mart güni Köpetdagyň owadanlygyny görüp bir-iki surat çekmek üçin ýola çykdym. Suratlar dowamda… Continue reading →
Syýahat
Ýakynda giden ýerlerim baradaky sahypamy täzeledim. Şonda iň aşagynda hem kiçiräk statistika ýazdym. Jemi 7 ýurtda we şol ýurtlardaky 41 sany ýerleşik ýere gidipdirin. Ýerleşik ýer diýlende şäher, şäherçe ýa-da etrap ýazylandyr.
Bul ýerde bolsa gitmek isleýän ýerlerim barada gysgaja maglumaty paýlaşaýyn. Continue reading →
2012-nji ýylyň jemlemesi
2012-nji ýylyň tamamlanmasyna az wagt galdy. Geçen ýyl 2011-nji ýylyň jemlemesini hem edipdim. Indi geldi 2012-njy ýylyň jemine.
2012-nji ýylda umuman 2104 gezek saýtyma girilipdir. Olardan 1602 sany unikal giriş bar. Bul sany 12 aýa bölenimizde her aý ortaça 175.3 gezek bolýar we 133.5 unikal giriş bolýar. Geçen ýylky bilen deňeşidrilende unikal giriş 2 esse dagy köpelen. Ýöne bir gezek gelen myhmanlaryň gaýtadan gelme statistikasynda gaty peselme bar. Geçen ýylky 41,15% garşylyk bu ýyl bary ýogy 25,90%. Diýmek her 4 myhmandan 3-si gaýdyp gelmändir blogyma.
Bellik: Suratlara syçanjyk bilen basanyňyzda täze sahypada suraty doly ölçegde görüp bilersiňiz.
Ilkinji gar
Bilşiňiz ýaly Aşgabatda dünden bäri gar ýagyp durdy. Menem bul pursat elimden gitmesin diýip näçe wagtlap ulanylman duran Canonymy elime aldymda daşary çykdym. Continue reading →
Mukry
Ýakynda, meniň üçin gaty üýtgeşik bolan bir ýere gitdim. Lebap welaýatynda Mukry şäherçesi. Ýerleşýän ýeri barada aýdanda haýsy etraba degişlidigini bilip bilmedim. Amyderýanyň boýunda, derýanyň beýleki kenarynda bolsa Owganystan bilen araçäkde.
Ol ýere barmak üçin Türkmenabat şäherindäki “Dünýä Bazar” ady bilen bilinýän uly bazara barmaly we şol ýerde Atamyrada (Kerki) gidýän taksiler bilen gidilýär. Eger meniň ýaly şowly bolsaňyz onda Mukra gitjek başga-da adam tapylsa şol ýerden gidäýmeli. Bolmasa Kerkiçi ulaglaryna münip soň aňyrdan başga maşyn bilen gitmeli bolarsyňyz. Continue reading →
Aşgabat
Bir ýyla golaý günorta-gündogar Aziýada bolandan soň Türkmenistana ýetip geldim. Öýde birnäçe wagt geçirip Aşgabada gaýtdym.
Gelenime görä birnäçe surat hem paýlaşmak wagty gelendir.