Syýahat

Günortagündogar Aziýa ýurtlaryna suýahata çykmak isleseňiz iň gowy wagtlar Dekabr-Ýanwar aýlary. Sebäplerden birnäçesi:

  • Howa beýleki aýlara deňeşdireniňde salkyn, ýöne şonda-da 25 gradusyň aşagyna düşenok. Türkmenistanyň aýazyndan gaçmak isleseňiz.
  • Musson (Ýagmyr) sezony gutardy (Iýun – Oktýabr), we ýagyş ýaganok, diňe güneşli howa. Gyşyň ortasynda natural solariý.
  • Musson sezony gelmän bir-iki aýlap yssy, dymyk we çygly howa bolýar, bularyň diýişi ýaly tomus pasly (Mart – Maý). Ynanyň ol aýlarda hiç zat etmän onuranyňyzda bir litrden köpräk der dökersiňiz. Birtopar pul harj edip geleniň bilen otelden çykman oturasyňyz gelmeýän bolsa şol “tomus” aýlarynda gelmäň.

Ýokarda agzalan sebäpleriň gapdalyna bir ullakan ÝÖNE goýmaly boljak. Dekabryň 20-lerinden başlap Ýanwaryň 10-laryna çenli gelip otyrmaň. Esasanam Täze Ýyl günlerinde hiç gelmäň. Ömrümde görmedik orslary görersiňiz. Nirä gitseňiz şol orslar. Hut Milli Plan bar ýaly Rossiýada, eline birnäçe manat pul geçen orsýetli gönüje Taýlanda geläýýäler how.

P.S.

Orslar diýenimde ýene bir zat bellemeli. Biziň Türkmenhowaýollarynda bilet hem tapmak kyn bolar. Uçaryň 80%-da golaý ors gelýändir tranzit Moskwadan.

Suvarnabhumi – Bangkok Halkara Aeroporty

Suvarnabhumi – Bangkok Halkara Aeroporty

Bangkok aeroporty barada giňişleýin maglumatlary internetten tapyp bilersiňiz. Men esasan öz synlarymy ýazmakçy.

Aziýanyň adam geçirijiligi boýunça 3-nji iň uly aeroporty. 2010-njy ýylda 42.7 million ýolagçy geçen. (çeşme: Wikipedia)

Bangkokda iki sany halkara aeroport bar. Suvarnabhumi (Suwanapum) täzesi we ulusy. Aeroport diýilende esasan Suvarnabhumi barada gürrüň edilýär, ýöne şonda-da taksi tutanyňyzda aeroportyň adyny aýtmasaňyz taksi sürüjileri kellesine görä äkidiberýärler.

Continue reading →

Türkmenhowaýollary – web saýt

Ine birnäçe wagtdan bäri biziň milli howa gatnawjymyzyň internet arkaly elektron bilet satuwyna geçjekdigi barada maglumatlar gelýär. Hatda mundan birnäçe aý öň bul habar barada teswirlerde hem ýazypdym.

Bugün biziň döwlet edaralaryna degişli bolan saýtlary gezýärkäm Türkmenhowaýollarynyň web saýtyna hem duşdym. Continue reading →