Stambul

2013-nji ýylyň awgustynda 6 ýyldan soň birinji gezek Türkiýä bardym. Bu gezek turist hökmünde gitdim.

Baran wagtym Ramazan aýynyň soňky günleridi. We şeýlelik bilen uzyn wagtdan soň Türkiýede baýram geçirdim. Baýramdan bir gün öň Stambulda gezdim. Aşakda Bosfor gezelenjinden suratlar bar. Surat sany gaty kändir. Türkmenistandan girýänler üçin trafik duýduryşyny etmeli. Continue reading →

OKUW.NET – Täze proýektim

Eýýam iki ýyl töweregi daşary ýurtlarda okuw barada türkmençe maglumat azlygyny belläp geçýädim. Iki ýyla golaý wagtlap bir proýekt ugryndadym. Beýleki dillerde okuw barada maglumat kän, ýöne edil bize gerekli maglumatlar kemçiligi bolanlygy sebäpli şeýle bir proýekti başlatmak maksat edindim.

StudyAbroad.com saýtyny görenden soň esas proýektiň şekli kellämde bellenildi. Ilki özümçe birnäçe maglumaty jemläp, ýönekeý saýt ýasap başlamakçydym işe. Ýöne öz esas işim sebäpli elim degenokdy kän bul meselä.

Türkmenistandan biri eger daşary ýurtda okamak niýeti bolsa, onda tanyş bilişlerinden sorap ugryna çykýar. “Planynyň ogly Kiýewde okaýar, şolar nämäň nämedigi bilýändir…” şeklinde gürrüňler kän geçýändir maşgalalarda. Internete girip tapan ors dilindäki saýtlardan alan maglumatlary hem edil Türkmenistanly dalaşgärler üçin ýeterlik maglumat berip bilmeýär. Continue reading →

Blog platformalary

Men ilkinji blogymy ors dilinde ýazyp başlapdym. Ýyl ýalňyşmasam 2002 bolmaly. Ol wagtlar internete girýän türkmenleri iki topara aýyrsa bolýady; Türkiýede okaýanlar birem Rossiýada okaýanlardy. Elbetde başgalaram bardyr, ýöne iň uly topar şeklinde şul ikisi bolup durýady. Men özüm şol wagtlar Ankarada talypdym, we birinji topara girýädim. Ýöne internetde ýazyşanda biziňkiler esasan ors dilinde ýazýadylar.

Memen şol wagtlar ors dilinde blog ýazyp başlapdym. Adresi ýalňyşmasam http://chishik.livejournal.com/ bolmalydy. Soň Google firmasy Blogger platformasyny satyn aldy, menem ondan yza galyp bolmaz diýip http://bunungibi.blogspot.com/ adresden türkçe ýazyp başladym. Bul bloglaryň ikisem işlänok häzir. Aslynda ol ýerde diňe başga ýerlerde tapan gyzyklyja zatlary paýlaşýadym. Continue reading →

2012-nji ýylyň jemlemesi

2012-nji ýylyň tamamlanmasyna az wagt galdy. Geçen ýyl 2011-nji ýylyň jemlemesini hem edipdim. Indi geldi 2012-njy ýylyň jemine.

overview

 

2012-nji ýylda umuman 2104 gezek saýtyma girilipdir. Olardan 1602 sany unikal giriş bar. Bul sany 12 aýa bölenimizde her aý ortaça 175.3 gezek bolýar we 133.5 unikal giriş bolýar. Geçen ýylky bilen deňeşidrilende unikal giriş 2 esse dagy köpelen. Ýöne bir gezek gelen myhmanlaryň gaýtadan gelme statistikasynda gaty peselme bar. Geçen ýylky 41,15% garşylyk bu ýyl bary ýogy 25,90%. Diýmek her 4 myhmandan 3-si gaýdyp gelmändir blogyma.

Bellik: Suratlara syçanjyk bilen basanyňyzda täze sahypada suraty doly ölçegde görüp bilersiňiz.

Continue reading →

Hany, birzatlar aýt hany…

Bilýän dilllerim kän bolmasa-da köplenç menden az dil bilýänler bilen boldym. Okaýan wagtlarymda hem häzir hem şeýle.

Kiçilikde şäherde ýaşaýanym üçin ors dilini öwrenipdim, her ýyl tomus aýlarynda oba baranymda ol ýerdäki deň-duşlar “Hany, ors dilinde bir geple hany…” diýip meniň ors dilinde bir-iki söz aýtmagymy soraýardylar. Ol wagtlar bolýänje zatlarymy aýdýardym, goşgy okardym, aýdym aýdardym. Obadakylara geň gelerdi. Continue reading →

Baýram kim?..

1984-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde doguldym. Doglan wagtym Gurban Baýramy bilen deň geleni üçin adym Baýram goýulypdyr.

Edil bäbeklik döwrümden ýadymda galan zat ýok. Ýöne 1987-nji ýylda öňki ady bilen Daşhowuz (Ташауз) häzir bolsa Daşoguza göçdik. Esas çagalyk ýatlamalarym mekdeb okuwçysy döwrümdekä başlanýar. Continue reading →