Geçmişe syýahat

Tüweleme häzir türkmen saýtlary köpelip ugrady. Nirä seretseň planynsayty.com ýa-da myhmanymbol.net we ş.m. saýtlar bilen internet ummany dolup başlady. (Olaryň içinde meniň saýtymy hem goşaýyň)

Ýöne geliň mundan 10 ýyl ozalky döwre geleliň. Ol wagtlar domain almak nirede?… lycos.com ýaly reklamadan doly ýöne MUGT serwislerde bir saýt açmak bir batyrçylykdy. Goltugy bişen towuk ýaly çişip ýörärdik. Meniň ilkinji saýtym ýalňyşmaýan bolsam Yahoo-nyň berýän geocites.com atly mugt hyzmatyndandy. Ýöne saýtymyň doly adresi ýadymda däl. Sebäbi ol mugt serwerlar diňe sub-domain berýärdiler. Continue reading →