Tährandan birnäçe pursat

Oktýabr aýynda iş bilen Eýrana gidip geldim. Tähran şäherinde iki hepdä golaý galdym. Gurban Baýramy güni Tähranyň golaýynda ýerleşen Darband atly dynç alyş zolagyndan birnäçe surat paýlaşmakçy.

Ilki bilen irden turyp, Tähranyň merkezi ýerlerinden biri bolan Azatlyk meýdanyna (Meydane Azadi) gitdik.

Soňra bolsa Darbanda gitdik we günimizi arassa howada, uly şäheriň galmagalyndan daşda geçirdik. Suratlary Dowamda görüp bilersiňiz.

P.S.

Elimde Tähran barada taýýarlanan syn mowzuklarym bar. Elim degdigiçe paýlaşmakçy. Continue reading →

Atsyz mowzuk

Meni yzarlaýan adam galdymy bilemok. Şonda-da ýazaýaýyn diýdim. Kän wagt geçdi soňky gezek ýazalym bäri bul ýerde. Elim degýän wagtlaram boldy, bahanada ýok.

Meniň haýran galýan zadym, men ýazmasam hem meniň saýtyma girip çykýanlar… Google Analyticsa seredenimde her aý ortaça 150 gezek saýtyma girilýar. Saýtyma girýänler, kim siz? Girýänler üçin hem bolsa kiçiräk mowzukjagaz.

Ýene belläp geçmeli zadym, öňki mowzuklarymda ulanylan suratlaryň köpüsini görüp bolanok. Suratlar bölümindäki suratlary hem şeýle. Elim degse baryny düzeltmekçi.

Sagylygyňyzy dileýän.

Mukry

Ýakynda, meniň üçin gaty üýtgeşik bolan bir ýere gitdim. Lebap welaýatynda Mukry şäherçesi. Ýerleşýän ýeri barada aýdanda haýsy etraba degişlidigini bilip bilmedim. Amyderýanyň boýunda, derýanyň beýleki kenarynda bolsa Owganystan bilen araçäkde.

Ol ýere barmak üçin Türkmenabat şäherindäki “Dünýä Bazar” ady bilen bilinýän uly bazara barmaly we şol ýerde Atamyrada (Kerki) gidýän taksiler bilen gidilýär. Eger meniň ýaly şowly bolsaňyz onda Mukra gitjek başga-da adam tapylsa şol ýerden gidäýmeli. Bolmasa Kerkiçi ulaglaryna münip soň aňyrdan başga maşyn bilen gitmeli bolarsyňyz. Continue reading →

Suratkeşler

Daşary ýurtlarda, esasanam turistleriň kän gelýän ýerlerinde, suratkeşler kiçijek dükan açyp hem surat çekýärler hem suratlaryny satýarlar. Käwagt gidip olaryň surat çekişini göresim gelýär. Bir gezek kiçijek suraty çekişini dolulygyna synlap durupdyryn. Ol wagt ýanymda fotoapparatym ýokdy ýöne.

Aşakda Malaýziýa, Mýanma (Birma) we Taýlanddaky birnäçe mysallaryny paýlaşdym. Continue reading →

Agaçtan heýkeller we ýene birzatlar…

Elim degenok… Ýaltanýan…

Başga-da birnäçe bahana bar aslynda. Kiçijek syýahatymyň dowamyny ýazjakdygyma söz beripdim. Bolanok, elim degenok… Ýöne arada bir gyzyklyja zatlar paýlaşasym hem gelýär. Hepdelik suratlar hem dowam edip dur…

Dynç güni, ýa-da Daşoguzda aýdylşy ýaly “bazar” güni, adyna laýyk geçirmek maksady bilen “shopping” ýollaryna düşdim. Söwdadan elim boş gaýtdym, maňa bolar ýaly egin-eşik tapmak uly mesele bärde. Continue reading →

Könäni ýatlap

Bul hepdäniň suratynda aslynda kän bir üýtgeşik zat ýok. Kiçilikde orslaryň öňki ady bilen OPT bolan telekanalynda “Джунлги Зовут” atly programma bardy. 5-6 ýaşly çagalar iki topara bölünip öz ara ýaryşýardylar. Hatda biziň milli teleýaýlymymyzda bir wagtlar uly ada eýe bolan “Kim Çalasyn!..” programmasy hem meniň pikrimçe şoňa meňzedilip alynan.

1990-njy ýyllary meniň ýaly ors kanallaryny görüp geçirenler üçin nostalgiýa.

Continue reading →