Blog platformalary

Men ilkinji blogymy ors dilinde ýazyp başlapdym. Ýyl ýalňyşmasam 2002 bolmaly. Ol wagtlar internete girýän türkmenleri iki topara aýyrsa bolýady; Türkiýede okaýanlar birem Rossiýada okaýanlardy. Elbetde başgalaram bardyr, ýöne iň uly topar şeklinde şul ikisi bolup durýady. Men özüm şol wagtlar Ankarada talypdym, we birinji topara girýädim. Ýöne internetde ýazyşanda biziňkiler esasan ors dilinde ýazýadylar.

Memen şol wagtlar ors dilinde blog ýazyp başlapdym. Adresi ýalňyşmasam http://chishik.livejournal.com/ bolmalydy. Soň Google firmasy Blogger platformasyny satyn aldy, menem ondan yza galyp bolmaz diýip http://bunungibi.blogspot.com/ adresden türkçe ýazyp başladym. Bul bloglaryň ikisem işlänok häzir. Aslynda ol ýerde diňe başga ýerlerde tapan gyzyklyja zatlary paýlaşýadym. Continue reading →

Ertir

Men bul saýty açmankam hem “teswirler”de ýazýadym, açansoň hem aňyrda ýazmana dowam edýärin. Näme diýseňem türkmen internetiniň iň uly sosial saýty. Teswirleriň soňlugy bilen Ertir.com bolany bilen hem onuň abraýynda kemelme bolmady.

Ol ýerde köplenç bärdäki mowzuklarymy kopiýalap ýazýan. Ýöne käwagt diňe Ertir üçin ýazýan mowzuklarym bar. Esasan olar beýlekiler bilen pikir alyşma bolanda ýazýan.

Meniň Ertir.com-daky mowzuklarymy okasyňyz gelse şul aşakdaky sepi yzarlaň.

http://www.ertir.com/index.php?uid=984

Agajan bilen söhbetdeşlik

Öň habar berşim ýaly Agajan bilen hat üsti birnäçe soragly reportaž aldym. Ilki bilen Agajanyň işlerini köplügi sebäpli sorag jogap uzaga çekdi. Soň bolsa meniň özümiň işlerim sebäpli reportažy çap etmäne gijä galdym.

Agajan bilen ilki teswirleriň ýapylmagy barada açylan gürrüň soňlugy bilen türkmen sosial platformalary barada dowam etti. Soň onuň häzir üstünde işleýän proýektleri barada hem gürrüň berdi. Sohbetdeşligiň ahyrynda onuň web proýekt alyp barmak barada tankyt hem maslahaty bar. Continue reading →

Türkmen Internetiniň sosial şahamçasy baştutansyz galsy

Türkmen Internetiniň sosial şahamçasy baştutansyz galsy

Ildeşlerimiz Remezan Baýramyna garaşýarkan. Bir birine baýram gutlaglaryny ibermäne taýýarlyk görüp ýörkäler. Şol gutlaglaryny ýazjak we beýlekiler bilen paýlaşyp biljek iň aktiw sosial saýty Teswirler ýapylandygyny yglan etdi.

Türkmen Internetiniň sosial şahamçasyndaky iň uly we abraýly söze eýe bolan platforma mundan beýle diňe arhiw görnüşinde durjak. Teswirler ýaly öň hem uly abraýa eýe bolan, ýöne soňlugy bilen ýapylan ýa-da öňküsi ýaly işläp bilmeýän saýtlar hem bar. Herkimiň öz sebäbi bolandyr, elbette Agajanyň hem sebäpleri bardyr. Continue reading →