Vung Tau

Aprel aýynyň 19-y Wýetnamda nämedir bir sebäpli dynç güni yglan edildi. Tanyşlaryma soranymda ýarym iňlisçesi bilen bir korollarynyň ýa doglan güni, ýa-da ölen günimi näme… Garaz bizi gyzyklandyrýan tarapy şol güniň dynç bolmagydy. Bizem öýde biderek ýatmaly diýip kiçiräk gezelenje çykaly diýdik. Nämede bolsa bir aýdan bäri Wýetnamda ýörin, hiç ýere çykmadym.

Soňam tanyşlardan golaý we dynç alyp boljak ýeri soradyk. Olaram Vung Tau (Wuň Tau) şäherini maslahat berdiler. Vung Tau, Ho Chi Minh-den gara ýoly bilen iki ýarym sagat daşlykda. Tiz katerler bilen bolsa bir ýarym sagat töweregi. Ýerleşýän ýeri bir ýarym-adada, Günorta Hytaý deňiziniň (South Chinese Sea) kenarynda. Şäher esasan 9 millionlyk Ho Chi Minh-yň ilatynyň dynç günlerinde gelip gidýän ýerleri. Gelip deňizde suwa düşýärler, balyk tutýarlar we esasan uly şäheriň dymyk howasyndan gaçyp gelýärler. Continue reading →

Mukry

Ýakynda, meniň üçin gaty üýtgeşik bolan bir ýere gitdim. Lebap welaýatynda Mukry şäherçesi. Ýerleşýän ýeri barada aýdanda haýsy etraba degişlidigini bilip bilmedim. Amyderýanyň boýunda, derýanyň beýleki kenarynda bolsa Owganystan bilen araçäkde.

Ol ýere barmak üçin Türkmenabat şäherindäki “Dünýä Bazar” ady bilen bilinýän uly bazara barmaly we şol ýerde Atamyrada (Kerki) gidýän taksiler bilen gidilýär. Eger meniň ýaly şowly bolsaňyz onda Mukra gitjek başga-da adam tapylsa şol ýerden gidäýmeli. Bolmasa Kerkiçi ulaglaryna münip soň aňyrdan başga maşyn bilen gitmeli bolarsyňyz. Continue reading →

Kiçijek syýahat (I)

Hytaýlylaryň täze ýyly mynasybetli berilen goşmaça dynç günini boş geçirmek bize gelişmez pikri bilen kiçiräk bolsa-da bir syýahata çykaly diýip düşdik ýollara.

Syýahat kiçijek diýilenine kän üns bermän elimden geldigiçe köp surat aldym. Jemi 700-den hem kän surat bolupdyr. Şeýlelik bilen syýahaty 3 bölümde siziň bilen paýlaşmany makul bildim.

Duýduryş: Suratlary ortaça 100 km/sagat tizliginde giden awtobusta alanym üçin edil isleiýişim ýaly bolmady. Eger kemçilikler bar bolsa (suratlarda) hoş göriň.

Continue reading →

Suvarnabhumi – Bangkok Halkara Aeroporty

Suvarnabhumi – Bangkok Halkara Aeroporty

Bangkok aeroporty barada giňişleýin maglumatlary internetten tapyp bilersiňiz. Men esasan öz synlarymy ýazmakçy.

Aziýanyň adam geçirijiligi boýunça 3-nji iň uly aeroporty. 2010-njy ýylda 42.7 million ýolagçy geçen. (çeşme: Wikipedia)

Bangkokda iki sany halkara aeroport bar. Suvarnabhumi (Suwanapum) täzesi we ulusy. Aeroport diýilende esasan Suvarnabhumi barada gürrüň edilýär, ýöne şonda-da taksi tutanyňyzda aeroportyň adyny aýtmasaňyz taksi sürüjileri kellesine görä äkidiberýärler.

Continue reading →