Wýetnamda motor sürmek

Motor Wýetnam şäherleriniň esasy gatnaw ulagy. Nirä gitseň motordan doly. Wýetnamlylar (Milleti näme bolýa bularyň? Menä wýetkos diýäýýän käwagt.) hut motorda doglan ýaly. Käwagt ýolda duş gelýä, bütin maşgalasy bilen münýäler. Aslynda Agajan bu mesele barada öz syýahat blogynda ýazypdy. Bu ýere birinji gezek gelen biri üçin gaty täsin zat. Olaryň ýollarda bolşuny görüp ýüregiň ýarylýa.

Motor sürmek beýlede dursyn, men ömrümde tigir sürip görmedim. Henize çenli nädip iki tigirde deňagramlyk saklanyp bolýanlygy kelläme syganok. Birnäçe synanşykdan soň meniň motor diýen zady sürip bilmejekdigim meselesi kellämde ornaşyp başlady. Birem gelenimiň birinji hepdesinde awariýa düşip, gapyrgalarymy agyrdansoň bu pikir (gorky, fobia diýseňem boljak) has hem güýçlendi. Iki hepdeläp gijeleri uky alyp bilmän, oturyp turanymda ejir çekmek, hiçkime görkezmesin. Öýdäkilere aýtmadym awariýa bolanymy, doganym aram aram blogumy okaýa, indi habarlary bolar. Continue reading →

Vung Tau

Aprel aýynyň 19-y Wýetnamda nämedir bir sebäpli dynç güni yglan edildi. Tanyşlaryma soranymda ýarym iňlisçesi bilen bir korollarynyň ýa doglan güni, ýa-da ölen günimi näme… Garaz bizi gyzyklandyrýan tarapy şol güniň dynç bolmagydy. Bizem öýde biderek ýatmaly diýip kiçiräk gezelenje çykaly diýdik. Nämede bolsa bir aýdan bäri Wýetnamda ýörin, hiç ýere çykmadym.

Soňam tanyşlardan golaý we dynç alyp boljak ýeri soradyk. Olaram Vung Tau (Wuň Tau) şäherini maslahat berdiler. Vung Tau, Ho Chi Minh-den gara ýoly bilen iki ýarym sagat daşlykda. Tiz katerler bilen bolsa bir ýarym sagat töweregi. Ýerleşýän ýeri bir ýarym-adada, Günorta Hytaý deňiziniň (South Chinese Sea) kenarynda. Şäher esasan 9 millionlyk Ho Chi Minh-yň ilatynyň dynç günlerinde gelip gidýän ýerleri. Gelip deňizde suwa düşýärler, balyk tutýarlar we esasan uly şäheriň dymyk howasyndan gaçyp gelýärler. Continue reading →