Kuala Lumpur

Awgust aýynda Malaýziýanyň paýtagty bolan Kuala Lumpurda iki uçaryň arasynda birnäçe sagatlyk boş wagtym boldy. Malaýziýa biziň raýatlardan wiza soramaýanlygy sebäpli öňki giden ýerlerimi görmek we birnäçe surat almak maksady bilen şähere çykdym. Aýlanar ýaly bary-ýogy 4 sagadym bardy we iň amatlysy dünýäde meşhur bolan Petronas Ekizlerine tarap gitdim. Şol ýerde düşürilen birtopar suratdan 3 sanysyny paýlaşmakçy siziň bilen. Continue reading →

Suratkeşler

Daşary ýurtlarda, esasanam turistleriň kän gelýän ýerlerinde, suratkeşler kiçijek dükan açyp hem surat çekýärler hem suratlaryny satýarlar. Käwagt gidip olaryň surat çekişini göresim gelýär. Bir gezek kiçijek suraty çekişini dolulygyna synlap durupdyryn. Ol wagt ýanymda fotoapparatym ýokdy ýöne.

Aşakda Malaýziýa, Mýanma (Birma) we Taýlanddaky birnäçe mysallaryny paýlaşdym. Continue reading →

Dünýäde türkmen manadynyň orny

Öňler pikir ederdim, şul amerikanlaryň pullary bütin dünýäde ýöräp dur, biziň manadyň ýagdaýy nämekä diýip.

Talyplyk döwrümde Türkiýede biziň pullarymyz hiç tanalmaýanlygyny gördüm. Ýöne käbir adamlarda kolleksiýa höwesi bardy, şolara elimde bar bolan manatlardan berýärdim. Olaram begenip derrewjik kolleksiýasynyň içine goýardylar. Esasanam kolleksiýalary oturýan stollarda aýnanyň aşagynda durýar. Käbirleri bolsa ýörite pul salar ýaly gaplarda saklaýardylar (bu esasanam şaýlyklar üçindi). Continue reading →