Blog platformalary

Men ilkinji blogymy ors dilinde ýazyp başlapdym. Ýyl ýalňyşmasam 2002 bolmaly. Ol wagtlar internete girýän türkmenleri iki topara aýyrsa bolýady; Türkiýede okaýanlar birem Rossiýada okaýanlardy. Elbetde başgalaram bardyr, ýöne iň uly topar şeklinde şul ikisi bolup durýady. Men özüm şol wagtlar Ankarada talypdym, we birinji topara girýädim. Ýöne internetde ýazyşanda biziňkiler esasan ors dilinde ýazýadylar.

Memen şol wagtlar ors dilinde blog ýazyp başlapdym. Adresi ýalňyşmasam http://chishik.livejournal.com/ bolmalydy. Soň Google firmasy Blogger platformasyny satyn aldy, menem ondan yza galyp bolmaz diýip http://bunungibi.blogspot.com/ adresden türkçe ýazyp başladym. Bul bloglaryň ikisem işlänok häzir. Aslynda ol ýerde diňe başga ýerlerde tapan gyzyklyja zatlary paýlaşýadym. Continue reading →

2012-nji ýylyň jemlemesi

2012-nji ýylyň tamamlanmasyna az wagt galdy. Geçen ýyl 2011-nji ýylyň jemlemesini hem edipdim. Indi geldi 2012-njy ýylyň jemine.

overview

 

2012-nji ýylda umuman 2104 gezek saýtyma girilipdir. Olardan 1602 sany unikal giriş bar. Bul sany 12 aýa bölenimizde her aý ortaça 175.3 gezek bolýar we 133.5 unikal giriş bolýar. Geçen ýylky bilen deňeşidrilende unikal giriş 2 esse dagy köpelen. Ýöne bir gezek gelen myhmanlaryň gaýtadan gelme statistikasynda gaty peselme bar. Geçen ýylky 41,15% garşylyk bu ýyl bary ýogy 25,90%. Diýmek her 4 myhmandan 3-si gaýdyp gelmändir blogyma.

Bellik: Suratlara syçanjyk bilen basanyňyzda täze sahypada suraty doly ölçegde görüp bilersiňiz.

Continue reading →

Google Apps

Dekabr aýynyň 7-den başlap Google Apps free, ýagny mugt, hasaplarynyň işini togtadandygyny yglan etdi. Men bul saýtymda şol app-lerden biri bolan Analytics ulanýan. Analitikanyň kömegi bilen saýtyma gelip gidýänleri yzarlap bilýädim. Haýsy ýurtlardan, haýsy enjamlar bilen girýändiklerini. Şonyň netijesinde yzarlaýyjylary ýitirmejek bolup täze täze mowzuklar açýadym. Indi bolsa mugt hyzmat ýok. Pullysyna geçäýsemmikam?

Atsyz mowzuk

Meni yzarlaýan adam galdymy bilemok. Şonda-da ýazaýaýyn diýdim. Kän wagt geçdi soňky gezek ýazalym bäri bul ýerde. Elim degýän wagtlaram boldy, bahanada ýok.

Meniň haýran galýan zadym, men ýazmasam hem meniň saýtyma girip çykýanlar… Google Analyticsa seredenimde her aý ortaça 150 gezek saýtyma girilýar. Saýtyma girýänler, kim siz? Girýänler üçin hem bolsa kiçiräk mowzukjagaz.

Ýene belläp geçmeli zadym, öňki mowzuklarymda ulanylan suratlaryň köpüsini görüp bolanok. Suratlar bölümindäki suratlary hem şeýle. Elim degse baryny düzeltmekçi.

Sagylygyňyzy dileýän.

2011-nji ýylyň jemlemesi…

2011-i hem geçirdik nesibesi bilen. BaýramTM blogy barada gysgaça hasabat bilen 2011-nji ýyly jemläsim geldi.

Asyl saýt açma pikrim öňden bäri bardy. Ýöne öňler mugt hosting hyzmatlaryny ulanýadym. Olaram meniň öz islegimdäki ýaly hyzmat berip bilenokdylar. (Mugt zatdan başga näme garaşjak? =) ) Şeýlelik bilen ömri uzak bolar ýaly birem planynsayty.mugtsaytbar.com ýaly adyny ýatda saklap bolmajak birzatlar bolandan ýylda 10$ töweregi bayramtm.com adresi satyn aldym, we saýt Aprel aýynda, has takygy aýyň 22-den 23-e geçýän gije işe başlady.

Agajan hem şol wagtlar öz saýtynda (www.agajanh.com) şahsy blog açyp edýän işleri we pikirlerini paýlaşmakçydy. Soňlugy bilen işleri kän bolansoň goýbolsyn etdi. Agajan 3 proýektini hödürlän bolsa arkasynda 10 sany proýekt hem durandyr. Olaryň heniz wagty gelmänligi sebäpli kän agzalanok, ýa-da ujyndan birzatlar görkezip goýýar. We biz ikimiz statistikada bir birimiz bilen ýaryşjakdyk. Agajanyň saýtynyň hasabatyny bilmedim welin, men siziň bilen öz saýtyma girýänler barada birnäçe maglumat bermekçi… Continue reading →

Windows 7 türkmen dilinde…

Belki bilýänler bardyr welin, şonda-da bir buşlaýyn diýdim…

Google daýydan türkmen bloglaryny gözlänimde Microsoft (Maýkrosoft) firmasynyň diller portalynyň blogyna duşdym. Ol ýerde Windows 7 operasion sistemanyň türkmen dili paketi (The Turkmen Language Interface Pack for Windows 7) barada habara duş geldim. Ol ýerde ýükleme sepleri hem berlen. Continue reading →