Ho Chi Minh

Geçen hepde Hoşiminiň (Ho Chi Minh, öňki ady Saýgon) merkezi ýerlerinden biri bolan Ben Tanh meýdanyna gitdim. Şäherlerarasy awtoterminal, turistleriň gelip hökman söwda edip gidýän bazary, uly dynç alyş zolaklary bilen şäheriň belki-de iň hereketli ýerlerinden biri.

Ben Tanh bazary ýapylansoň Gije Bazary açylýar (Night Bazaar). Eger Stambulda bolan bolsaňyz, Şirinewler meýdançasyndaky agşamlary gurnalýan söwda meňzeşräk bolýa. Adam kän, ýöne esasan daşary ýurtdan gelen turistler.

Gije surat düşürmäne gowy ýer. Her hili adam görse bolýa. Garaňkyda surata düşürmekde kän tejribäm ýok aslynda. Birem adamlary düşürmeli wagty mesele has hem kynaşýa. Gelip urjaklaram bar arasynda. Çykyp birnäçe surat düşürdim, suratlar barada teswirleriňize garaşýan. Continue reading →

Silhuette – Sudur

Suratlara dowam…

Orsça “чёрно-белый”, iňlis dilinde “white and black”, türkçe “siyah beyaz” suratlar. Türkmençesi näme bolýarka? Gara-Akmy ýa-da Ak-Gara? Dilimiň dogry gelişi ýaly diýenimde ak-gara diýesim gelýär. Ýöne belki-de dogrysy gara-akdyr… Garaz men bir karara gelýänçäm siz suraty görüberiň. Continue reading →