Microsoft Office 2010 türkmen dilinde

Windows 7 türkmen dili interfeýsi barada maglumat tapaly bäri Microsoft kompaniýasynyň beýleki önümlerde türkmen dili interfeýslerini barlap başladym. Köpimiziň (belkide hemmämiz) ulanýan Microsoft Office paketiniň 2010 wesiýsynyň hem türkmen dili interfeýsi bar ekeni.

Dil interfeýs paketini öz kompýuteriňize ýüklejekler üçin salgy: http://office.microsoft.com/en-us/downloads/office-language-interface-pack-lip-downloads-HA001113350.aspx

Windows operasion sistemasynda edişim ýaly bul dil paketi barada hem synlarymy ýakyn günlerde ýazmakçy.

Windows 7 türkmen dili interfeýsi.

Men özüm öňden bäri Windowsy iňlis dilinde ulanýardym. Beýleki dilleriň hem interfeýs paketlerini gurup programmalardaky dil problemalaryny çözýärdim. Öýde ulanýan kompýuterde meniň ulanyjy hasabymdan gireniňde iňlis dilinde, beýleki maşgala agzalarynyň hasaplary bolsa düşünýän dilleri bolan ors dilinde durýar. Şeýlelik bilen birnäçe Windows gurmak hem gerekli däl. Continue reading →

Windows 7 türkmen dilinde…

Belki bilýänler bardyr welin, şonda-da bir buşlaýyn diýdim…

Google daýydan türkmen bloglaryny gözlänimde Microsoft (Maýkrosoft) firmasynyň diller portalynyň blogyna duşdym. Ol ýerde Windows 7 operasion sistemanyň türkmen dili paketi (The Turkmen Language Interface Pack for Windows 7) barada habara duş geldim. Ol ýerde ýükleme sepleri hem berlen. Continue reading →

Hany, birzatlar aýt hany…

Bilýän dilllerim kän bolmasa-da köplenç menden az dil bilýänler bilen boldym. Okaýan wagtlarymda hem häzir hem şeýle.

Kiçilikde şäherde ýaşaýanym üçin ors dilini öwrenipdim, her ýyl tomus aýlarynda oba baranymda ol ýerdäki deň-duşlar “Hany, ors dilinde bir geple hany…” diýip meniň ors dilinde bir-iki söz aýtmagymy soraýardylar. Ol wagtlar bolýänje zatlarymy aýdýardym, goşgy okardym, aýdym aýdardym. Obadakylara geň gelerdi. Continue reading →