Kuala Lumpur

Awgust aýynda Malaýziýanyň paýtagty bolan Kuala Lumpurda iki uçaryň arasynda birnäçe sagatlyk boş wagtym boldy. Malaýziýa biziň raýatlardan wiza soramaýanlygy sebäpli öňki giden ýerlerimi görmek we birnäçe surat almak maksady bilen şähere çykdym. Aýlanar ýaly bary-ýogy 4 sagadym bardy we iň amatlysy dünýäde meşhur bolan Petronas Ekizlerine tarap gitdim. Şol ýerde düşürilen birtopar suratdan 3 sanysyny paýlaşmakçy siziň bilen. Continue reading →

Ho Chi Minh

Geçen hepde Hoşiminiň (Ho Chi Minh, öňki ady Saýgon) merkezi ýerlerinden biri bolan Ben Tanh meýdanyna gitdim. Şäherlerarasy awtoterminal, turistleriň gelip hökman söwda edip gidýän bazary, uly dynç alyş zolaklary bilen şäheriň belki-de iň hereketli ýerlerinden biri.

Ben Tanh bazary ýapylansoň Gije Bazary açylýar (Night Bazaar). Eger Stambulda bolan bolsaňyz, Şirinewler meýdançasyndaky agşamlary gurnalýan söwda meňzeşräk bolýa. Adam kän, ýöne esasan daşary ýurtdan gelen turistler.

Gije surat düşürmäne gowy ýer. Her hili adam görse bolýa. Garaňkyda surata düşürmekde kän tejribäm ýok aslynda. Birem adamlary düşürmeli wagty mesele has hem kynaşýa. Gelip urjaklaram bar arasynda. Çykyp birnäçe surat düşürdim, suratlar barada teswirleriňize garaşýan. Continue reading →

OKUW.NET – Täze proýektim

Eýýam iki ýyl töweregi daşary ýurtlarda okuw barada türkmençe maglumat azlygyny belläp geçýädim. Iki ýyla golaý wagtlap bir proýekt ugryndadym. Beýleki dillerde okuw barada maglumat kän, ýöne edil bize gerekli maglumatlar kemçiligi bolanlygy sebäpli şeýle bir proýekti başlatmak maksat edindim.

StudyAbroad.com saýtyny görenden soň esas proýektiň şekli kellämde bellenildi. Ilki özümçe birnäçe maglumaty jemläp, ýönekeý saýt ýasap başlamakçydym işe. Ýöne öz esas işim sebäpli elim degenokdy kän bul meselä.

Türkmenistandan biri eger daşary ýurtda okamak niýeti bolsa, onda tanyş bilişlerinden sorap ugryna çykýar. “Planynyň ogly Kiýewde okaýar, şolar nämäň nämedigi bilýändir…” şeklinde gürrüňler kän geçýändir maşgalalarda. Internete girip tapan ors dilindäki saýtlardan alan maglumatlary hem edil Türkmenistanly dalaşgärler üçin ýeterlik maglumat berip bilmeýär. Continue reading →

Syýahat

Ýakynda giden ýerlerim baradaky sahypamy täzeledim. Şonda iň aşagynda hem kiçiräk statistika ýazdym. Jemi 7 ýurtda we şol ýurtlardaky 41 sany ýerleşik ýere gidipdirin. Ýerleşik ýer diýlende şäher, şäherçe ýa-da etrap ýazylandyr.

Bul ýerde bolsa gitmek isleýän ýerlerim barada gysgaja maglumaty paýlaşaýyn. Continue reading →