Google Apps

Dekabr aýynyň 7-den başlap Google Apps free, ýagny mugt, hasaplarynyň işini togtadandygyny yglan etdi. Men bul saýtymda şol app-lerden biri bolan Analytics ulanýan. Analitikanyň kömegi bilen saýtyma gelip gidýänleri yzarlap bilýädim. Haýsy ýurtlardan, haýsy enjamlar bilen girýändiklerini. Şonyň netijesinde yzarlaýyjylary ýitirmejek bolup täze täze mowzuklar açýadym. Indi bolsa mugt hyzmat ýok. Pullysyna geçäýsemmikam?

Samsung Galaxy Tab 10.1

Samsung Galaxy Tab 10.1

Ýagyşly Bangkok güni Agajan bilen myžžyk bolup elimizde täzeje tablet (planşet) kompýuteri bilen geldik. Meniň köpden bäri Taýlandda satuwa çykmasyny garaşýan enjamdy. Tablet 3G ulgamynda işleýän we 16GB ýada eýe bolan wersiýasy.

Enjam Apple firmasynyň iPad bilen meňzeşligi sebäpli iki firma arasynda hukuk meseleleri dowam edip gelýär.

Enjamyň harakteristikalary barada Internetde maglumat kän. Men bul ýerde esasan öz synlarym we duýguarymy paýlaşaýyn diýdim. Continue reading →