OKUW.NET – Täze proýektim

Eýýam iki ýyl töweregi daşary ýurtlarda okuw barada türkmençe maglumat azlygyny belläp geçýädim. Iki ýyla golaý wagtlap bir proýekt ugryndadym. Beýleki dillerde okuw barada maglumat kän, ýöne edil bize gerekli maglumatlar kemçiligi bolanlygy sebäpli şeýle bir proýekti başlatmak maksat edindim.

StudyAbroad.com saýtyny görenden soň esas proýektiň şekli kellämde bellenildi. Ilki özümçe birnäçe maglumaty jemläp, ýönekeý saýt ýasap başlamakçydym işe. Ýöne öz esas işim sebäpli elim degenokdy kän bul meselä.

Türkmenistandan biri eger daşary ýurtda okamak niýeti bolsa, onda tanyş bilişlerinden sorap ugryna çykýar. “Planynyň ogly Kiýewde okaýar, şolar nämäň nämedigi bilýändir…” şeklinde gürrüňler kän geçýändir maşgalalarda. Internete girip tapan ors dilindäki saýtlardan alan maglumatlary hem edil Türkmenistanly dalaşgärler üçin ýeterlik maglumat berip bilmeýär. Continue reading →

Wýetnamda motor sürmek

Motor Wýetnam şäherleriniň esasy gatnaw ulagy. Nirä gitseň motordan doly. Wýetnamlylar (Milleti näme bolýa bularyň? Menä wýetkos diýäýýän käwagt.) hut motorda doglan ýaly. Käwagt ýolda duş gelýä, bütin maşgalasy bilen münýäler. Aslynda Agajan bu mesele barada öz syýahat blogynda ýazypdy. Bu ýere birinji gezek gelen biri üçin gaty täsin zat. Olaryň ýollarda bolşuny görüp ýüregiň ýarylýa.

Motor sürmek beýlede dursyn, men ömrümde tigir sürip görmedim. Henize çenli nädip iki tigirde deňagramlyk saklanyp bolýanlygy kelläme syganok. Birnäçe synanşykdan soň meniň motor diýen zady sürip bilmejekdigim meselesi kellämde ornaşyp başlady. Birem gelenimiň birinji hepdesinde awariýa düşip, gapyrgalarymy agyrdansoň bu pikir (gorky, fobia diýseňem boljak) has hem güýçlendi. Iki hepdeläp gijeleri uky alyp bilmän, oturyp turanymda ejir çekmek, hiçkime görkezmesin. Öýdäkilere aýtmadym awariýa bolanymy, doganym aram aram blogumy okaýa, indi habarlary bolar. Continue reading →

Men kompýuter bilýän!

Halkymyz “kompýuterşik” ýa-da “kompýuterçi” diýýär käbirlerine. Kim olar? Näme diýmek ol? Aslynda “kompýuter operatory” manysyny berýän iş wezipesi. Hawa, köp iş ýerinde görýädim öňler, birnäçe ýaş oglan-gyzlar, güni bilen Word-da tekst ýazmak bilen bolýadylar. Işe girjek bolanyňda kompýuter bilýänler üçin has hem aňsat bolýady işe girmek.

Indi bolsa meniň öz pikirlerim we synlaryma geleli. Continue reading →

2011-nji ýylyň jemlemesi…

2011-i hem geçirdik nesibesi bilen. BaýramTM blogy barada gysgaça hasabat bilen 2011-nji ýyly jemläsim geldi.

Asyl saýt açma pikrim öňden bäri bardy. Ýöne öňler mugt hosting hyzmatlaryny ulanýadym. Olaram meniň öz islegimdäki ýaly hyzmat berip bilenokdylar. (Mugt zatdan başga näme garaşjak? =) ) Şeýlelik bilen ömri uzak bolar ýaly birem planynsayty.mugtsaytbar.com ýaly adyny ýatda saklap bolmajak birzatlar bolandan ýylda 10$ töweregi bayramtm.com adresi satyn aldym, we saýt Aprel aýynda, has takygy aýyň 22-den 23-e geçýän gije işe başlady.

Agajan hem şol wagtlar öz saýtynda (www.agajanh.com) şahsy blog açyp edýän işleri we pikirlerini paýlaşmakçydy. Soňlugy bilen işleri kän bolansoň goýbolsyn etdi. Agajan 3 proýektini hödürlän bolsa arkasynda 10 sany proýekt hem durandyr. Olaryň heniz wagty gelmänligi sebäpli kän agzalanok, ýa-da ujyndan birzatlar görkezip goýýar. We biz ikimiz statistikada bir birimiz bilen ýaryşjakdyk. Agajanyň saýtynyň hasabatyny bilmedim welin, men siziň bilen öz saýtyma girýänler barada birnäçe maglumat bermekçi… Continue reading →

Agajan bilen söhbetdeşlik

Öň habar berşim ýaly Agajan bilen hat üsti birnäçe soragly reportaž aldym. Ilki bilen Agajanyň işlerini köplügi sebäpli sorag jogap uzaga çekdi. Soň bolsa meniň özümiň işlerim sebäpli reportažy çap etmäne gijä galdym.

Agajan bilen ilki teswirleriň ýapylmagy barada açylan gürrüň soňlugy bilen türkmen sosial platformalary barada dowam etti. Soň onuň häzir üstünde işleýän proýektleri barada hem gürrüň berdi. Sohbetdeşligiň ahyrynda onuň web proýekt alyp barmak barada tankyt hem maslahaty bar. Continue reading →