Blog platformalary

Men ilkinji blogymy ors dilinde ýazyp başlapdym. Ýyl ýalňyşmasam 2002 bolmaly. Ol wagtlar internete girýän türkmenleri iki topara aýyrsa bolýady; Türkiýede okaýanlar birem Rossiýada okaýanlardy. Elbetde başgalaram bardyr, ýöne iň uly topar şeklinde şul ikisi bolup durýady. Men özüm şol wagtlar Ankarada talypdym, we birinji topara girýädim. Ýöne internetde ýazyşanda biziňkiler esasan ors dilinde ýazýadylar.

Memen şol wagtlar ors dilinde blog ýazyp başlapdym. Adresi ýalňyşmasam http://chishik.livejournal.com/ bolmalydy. Soň Google firmasy Blogger platformasyny satyn aldy, menem ondan yza galyp bolmaz diýip http://bunungibi.blogspot.com/ adresden türkçe ýazyp başladym. Bul bloglaryň ikisem işlänok häzir. Aslynda ol ýerde diňe başga ýerlerde tapan gyzyklyja zatlary paýlaşýadym. Continue reading →

Men kompýuter bilýän!

Halkymyz “kompýuterşik” ýa-da “kompýuterçi” diýýär käbirlerine. Kim olar? Näme diýmek ol? Aslynda “kompýuter operatory” manysyny berýän iş wezipesi. Hawa, köp iş ýerinde görýädim öňler, birnäçe ýaş oglan-gyzlar, güni bilen Word-da tekst ýazmak bilen bolýadylar. Işe girjek bolanyňda kompýuter bilýänler üçin has hem aňsat bolýady işe girmek.

Indi bolsa meniň öz pikirlerim we synlaryma geleli. Continue reading →

Vung Tau

Aprel aýynyň 19-y Wýetnamda nämedir bir sebäpli dynç güni yglan edildi. Tanyşlaryma soranymda ýarym iňlisçesi bilen bir korollarynyň ýa doglan güni, ýa-da ölen günimi näme… Garaz bizi gyzyklandyrýan tarapy şol güniň dynç bolmagydy. Bizem öýde biderek ýatmaly diýip kiçiräk gezelenje çykaly diýdik. Nämede bolsa bir aýdan bäri Wýetnamda ýörin, hiç ýere çykmadym.

Soňam tanyşlardan golaý we dynç alyp boljak ýeri soradyk. Olaram Vung Tau (Wuň Tau) şäherini maslahat berdiler. Vung Tau, Ho Chi Minh-den gara ýoly bilen iki ýarym sagat daşlykda. Tiz katerler bilen bolsa bir ýarym sagat töweregi. Ýerleşýän ýeri bir ýarym-adada, Günorta Hytaý deňiziniň (South Chinese Sea) kenarynda. Şäher esasan 9 millionlyk Ho Chi Minh-yň ilatynyň dynç günlerinde gelip gidýän ýerleri. Gelip deňizde suwa düşýärler, balyk tutýarlar we esasan uly şäheriň dymyk howasyndan gaçyp gelýärler. Continue reading →

Wýetnamda mugallym bolmak – Dowamy

Soňky mowzugymda Wýetnamda başyma gelen bir tejribäni paýlaşypdym. We käbir tanyşlarymyň islegi boýuça şol meselä çözgütleri paýlaşmakçy.

Elbetde men ökde pedagog däl. Bary ýogy 3 ýyllyk tejribäm bar. We esasan 14-15 ýaşlylaryň sapaklaryna girýädim. Ýöne Wýetnamda 1-5-nji synplaryň sapaklaryna girmeli boldym. Synpa girenimde nirä düşenimi bilmän aljyrap galdym.

Mekdeplere gidýän beýleki mugallymlaryň tejribelerini soradym. Olaryňam köpüsi ilkinji gezek edil meniňki ýaly ýagdaýa düşipdirler. Continue reading →

Wýetnamda mugallym bolmak

Me öz kärim barada kän bir maglumat berýän biri däl. Esasanam bu ýerde öz syýahatlarymy we synlarym barada paýlaşýan. Ýöne, düýnki wakany paýlaşmasam bolanok.

Birnäçe ýyldan bäri halkara mekdeplerde mugallymçylyk edýän. Aslynda girýän derslerim matematika. Ýöne iňlis dili sapaklary hem berýän. Ine şol maksat bilen geçen hepde Wýetnama geldim. Bärde işleşýän gurama döwlet mekdepleri bilen şertnamalaýyn şol mekdeplere iňlis dili mugallym iberýär. Aslynda olaryň öz mugallymlary bar, ýöne gürleýiş/gepleşik ukyplylyklaryny artdyrmak üçin daşary ýurtly mugallym çagyrýalar heptede bir sapak okatmak üçin.

Edilmeli zat aňsat aslynda; sapaga girýäň, birnäçe çäre geçirýäň synpyň içinde we 35 minut wagtyň geçýär. Ýöne… Continue reading →

Kömek

Täze başlatjak proýektim üçin kömek gözleýän.

Concrete5 dwižogyna türkmençe dil goşmaly. Öň concrete5 dwižogynda tejribesi bar bolanlar [email protected] adresine mail arkaly habarlaşmalaryny haýyş edýärin.

Eýho!

Eýho!

Bir wagtlar türkmen interediniň ýaňy emedekläp başlan döwürlerde agAjan (hawa hawa… uly A harpy adynyň içinde galan) atly biri bardy. 90-njy ýyllaryň ahyry, 2000-leriň başynda şonyň saýtlaryndan başga hakykatdanam türkmen saýty ýokdy. Onyň saýtlarynyň beýle meşhur bolmagynyň esasy sebäbi owadan dizaýny we saýtyň içindäki gyzyklyja mowzuklar diýip pikir edýärin.

Geçen ýyl şol agAjan bilen tanyşmak miýesser etdi. Indi ol meniň üçin agAjan dälde eýsem Agajan Aga boldy =)

Tanyşyklygymyň netijesi hökmünde elime onuň öňki saýtlaryndan biri bolan “Eýho”-nyň arhiwi elime geçdi. Içindäki degişmelerdir şorta sözlerini okap talyplyk ýyllarymdaky duýgularymy ýatlatdy. Beýle arhiwiň biderek meniň kompýuterimiň faýllarynyň arasynda durmagy dogry däl diýip pikir etdim. Ol asyl bolmaly ýeri bolan internetde durmaly. Şeýlelik bilen “Eýho”-daky makalalary ýuwaş ýuwaşdan paýlaşmakçy.

Bugün siziň bilen “GÜL gülkä” bölüminden bir “onlyk” paýlaşmakçy (jemi 19 sany onlyk bar)… Continue reading →