1984-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde doguldym. Doglan wagtym Gurban Baýramy bilen deň geleni üçin adym Baýram goýulypdyr.

Edil bäbeklik döwrümden ýadymda galan zat ýok. Ýöne 1987-nji ýylda öňki ady bilen Daşhowuz (Ташауз) häzir bolsa Daşoguza göçdik. Esas çagalyk ýatlamalarym mekdeb okuwçysy döwrümdekä başlanýar.1991-nji ýylda Daşoguz şäherindäki 3-nji orta mekdebinde okuwa başladym. 1-nji synpa başlanymyzda Lenin baba bilen başlapdyk. Belkide biz iň soňky oktýabrýonok (октябрёнок) bolanlardandyk. Okuw rus dilinde geçilýärdi, şol sebäpli rus dilini hem öwrenip galdyk.

1996-njy ýylda Daşoguz türkmen-türk mekdebine giriş synagyna gatnaşdym. 186 dalaşgäriň arasynda 2-nji bolup şol mekdebe girdim. We 2001-nji ýylda orta bekdebimi 3-nji bolup tamamladym.

Türkmen-türk mekdebinde okan döwürler himiýa olimpiadasyna gatnaşypdym. Dünýä himiýa olimpiadasyna saýlanyş tapgyrlaryna taýýarlyk görýärkäm mugallymymyz awto-heläkçilikde aradan çykdy. Täze mugallym gelýänçe we biz taýýar bolýançak saýlama tapgyrlary geçdi, we şeýlelik bilen olimpiada tejribelerim hem ýarym galdy.

Orta mekdebimi tamamlan ýylym (2001) Türkiýä ýokary okuw okamana gitdim. 6 ýyllyk Türkiýe tejribämden soň 2007-nji ýylda Atawatana dolandym.

Indiki 3 ýylym türk gurluşyk firmalary bilen baglanşykly bölüm. 3 ýyl içinde işlän wezipelerimi sanasaň sogaby bar. Ýönekeýje üpjün edijiň kömekçisinden başlap iň soňunda ammar müdiri wezipesine çenli her wezipäni gördim.

2010 ýylynda ýene Atawatany terk etmeli boldym. Bilýänje zatlarymy beýlekiler bilen paýlaşar ýaly günorta-gündogar aziýada günimi görýän.

3-4 ýyllyk daşary ýurt tejribämden soň Türkmenistanda bir okuw merkezinde dürli administratiw wezipelerinde işledim.

2014-nji ýylda ak-gan hassalygy (leýkoz) diagnozyny goýdylar, 4-5 aýlyk umumy bejergimi Eýranda aldym we häzir remissiýada. Hassalygym we bejeriş usullary barada ertir.com-da birnäçe mowzuk açypdym.

Häzirki döwür gurluşyk bilen meşgullanýan hususy kärhanada işleýärin.

Bul saýty açmagymyň esasy sebäbi türkmen dilinde açylýan kän blog bolmaýşy bolup durýar. Bu ýerde myhmanlarym bilen käbir zatlary paýlaşaryn diýip umyt edýärin.

Esasy gyzyklanýan zatlarym kompýuter tehnologiýalary. Syýahat etmäni hem halaýan. Käwagt daş töweregimde bolýan zatlary syn edip bellik alýan we surata düşürýän. Soňky döwür türkmen Interneti barada hem pikirlerimi paýlaşýan.

Meniň bilen tanyşjak bolsaňyz ilki bilen meniň halaýan/halamaýan zatlarymy biliň. Ýakynda ideýalarymy/pikirlerimi paýlaşaryn.

Baýram Muhanow

P.S.

Meniň kim däldigim barada şul ýerden maglumat tapyp bilersiňiz.

Men sosial ulgamlarda:

5 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *