Aşakda halaýan ýa-da halamaýan zatlarym ýazylar

Sanawa elim degdigiçe täze zatlar goşup duraryn.

Halaýanlarym:

Adamlar:

  • name ýazjagymy bilemok =)

Naharda:

  • Palaw
  • Somsa
  • Manty
  • Gubadaga gidip fitçi iýmek
  • Tom Yum Soup (Tailaryň çorbasy)
  • Bangkokdaky Beyrut restoranynda “mousaqqa”
  • Ýakynda özümiň pişiren noodle (wemişel) çorbam
  • Naharyň ýanyndaky gök sogan
  • Roti paratha

Edebiýat we Sungatda:

  • John Grishamyň kitaplary
  • Kinony asyl düşürilen dilinde görmek (düşünmesem hem keýpi bar)
Internetde:
  • WordPress sistemasyny. Meni hem Internetiň 12% içine goşany üçin. Işimi aňsatlaşdyrany üçin.
  • Çalt açylýan saýtlar
  • Twitter. Birýerlerde ýalňyşlyk bolanda (ýalňyşan men bolsamam) “Biz birýerlerde ýalňyşlyk etdik” diýip çykyşy
Syýahatda:
  • Ankara şäheri. Ömrümiň ýatdan çykmajak pursatlaryny maňa ýaşadany üçin.
  • Suvarnabhumi aeroporty
  • Air Asia
  • Kuala Lumpur. Esasan Jalan Petaling töwereklerini
  • Senden öň seniň sorajak bahaňy aýdýan taksistleri

Halamaýanlarym:

Adamlar:

Naharda:

  • Duhowkada bişirilen kädi
  • Agzyny şappyldadyp sesli iýýänleri (çydap bilemok… turyp gidýän…)

Edebiýat we Sungatda:

  • Picassonyň suratlary
  • Ogurlyk aýdymlary
Internetde:
  • Ýuwaş açylýan saýtlar
  • Halkara korporasiýalaryň saýtyndaky girýän ýurduňy saýlamaly ýeri (mysal: Taýlanddan girýän bolsaň diňe tai dilinde maglumat berýänleri)
  • Ajax-da ýazylan saýtlar. (Internetim gaty ýuwaş bolan wagtlary)
Syýahatda:
  • Thai Airways International (Başga biriniň kredit kartoçkasy bilen alynan biledimi kabul etmänligi üçin. Elimde regional ofisinden hat barlygyna seretmän maňa täzeden bilet aldyrany üçin.)
  • Ýanyň bilen süýräp gezmeli goşlary
  • Ýoly bilýän diýip müşderi alan, soň ýary ýola gelende nirä barmalydygyny soraýan taksistleri
  • Silom, Bangkok. (ýöne Internet tizligi bet)
  • Türkmenistandan diýenimde Pakistan düşünýänleri
  • Uçarda gapdalyňda otyrýan garry turistleri (Bu ýaşdan soň nämäňiz bar?)
  • Şol garry turistlerden ýarym ýalaňaç gezýänleri. (Ýüregim bulaşýar.)

3 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *