Stambul

2013-nji ýylyň awgustynda 6 ýyldan soň birinji gezek Türkiýä bardym. Bu gezek turist hökmünde gitdim.

Baran wagtym Ramazan aýynyň soňky günleridi. We şeýlelik bilen uzyn wagtdan soň Türkiýede baýram geçirdim. Baýramdan bir gün öň Stambulda gezdim. Aşakda Bosfor gezelenjinden suratlar bar. Surat sany gaty kändir. Türkmenistandan girýänler üçin trafik duýduryşyny etmeli. Continue reading →

Kuala Lumpur

Awgust aýynda Malaýziýanyň paýtagty bolan Kuala Lumpurda iki uçaryň arasynda birnäçe sagatlyk boş wagtym boldy. Malaýziýa biziň raýatlardan wiza soramaýanlygy sebäpli öňki giden ýerlerimi görmek we birnäçe surat almak maksady bilen şähere çykdym. Aýlanar ýaly bary-ýogy 4 sagadym bardy we iň amatlysy dünýäde meşhur bolan Petronas Ekizlerine tarap gitdim. Şol ýerde düşürilen birtopar suratdan 3 sanysyny paýlaşmakçy siziň bilen. Continue reading →

Ho Chi Minh

Geçen hepde Hoşiminiň (Ho Chi Minh, öňki ady Saýgon) merkezi ýerlerinden biri bolan Ben Tanh meýdanyna gitdim. Şäherlerarasy awtoterminal, turistleriň gelip hökman söwda edip gidýän bazary, uly dynç alyş zolaklary bilen şäheriň belki-de iň hereketli ýerlerinden biri.

Ben Tanh bazary ýapylansoň Gije Bazary açylýar (Night Bazaar). Eger Stambulda bolan bolsaňyz, Şirinewler meýdançasyndaky agşamlary gurnalýan söwda meňzeşräk bolýa. Adam kän, ýöne esasan daşary ýurtdan gelen turistler.

Gije surat düşürmäne gowy ýer. Her hili adam görse bolýa. Garaňkyda surata düşürmekde kän tejribäm ýok aslynda. Birem adamlary düşürmeli wagty mesele has hem kynaşýa. Gelip urjaklaram bar arasynda. Çykyp birnäçe surat düşürdim, suratlar barada teswirleriňize garaşýan. Continue reading →

Tährandan birnäçe pursat

Oktýabr aýynda iş bilen Eýrana gidip geldim. Tähran şäherinde iki hepdä golaý galdym. Gurban Baýramy güni Tähranyň golaýynda ýerleşen Darband atly dynç alyş zolagyndan birnäçe surat paýlaşmakçy.

Ilki bilen irden turyp, Tähranyň merkezi ýerlerinden biri bolan Azatlyk meýdanyna (Meydane Azadi) gitdik.

Soňra bolsa Darbanda gitdik we günimizi arassa howada, uly şäheriň galmagalyndan daşda geçirdik. Suratlary Dowamda görüp bilersiňiz.

P.S.

Elimde Tähran barada taýýarlanan syn mowzuklarym bar. Elim degdigiçe paýlaşmakçy. Continue reading →

Suratkeşler

Daşary ýurtlarda, esasanam turistleriň kän gelýän ýerlerinde, suratkeşler kiçijek dükan açyp hem surat çekýärler hem suratlaryny satýarlar. Käwagt gidip olaryň surat çekişini göresim gelýär. Bir gezek kiçijek suraty çekişini dolulygyna synlap durupdyryn. Ol wagt ýanymda fotoapparatym ýokdy ýöne.

Aşakda Malaýziýa, Mýanma (Birma) we Taýlanddaky birnäçe mysallaryny paýlaşdym. Continue reading →