Hello again!

Blogym uzak wagt hereketsiz ýatdy. Nireden seretseň iki ýyla golaý bir wagt geçipdir. Munyň asyl sebäbi meniň saýtyň admin paneline girip bilmänim.

Saýt WordPress sistemasynda işleýär, we bu sistema aram-aram täzelenýärem. Menem gelen täzelenmäni gurnap ulanaýyn diýip bir bela galdym. Hemişe duran ýerinden “Täzele” diýäge-de awtomatiki usulda geçýädim, ýöne bu gezek bolmady. Täze wersiýany gurnap durkam bir ýalňyşlyk boldy, we soň admin paneli açylman galdy. Ol döwür özüm hassalygym bilen göreşip ýörän döwrüm. Soň elim ýeňilände seredern diýip goýupdym, iki ýyl geçäýipdir.

Ýakyn wagtda saýty başga bir sistema geçirmekçi. Indi çalt çaltdan ýazyp täzeden herekete geçmekçi. Ýakynda blogyň 5 ýyllygam bolmaly…

Wýetnamda mugallym bolmak – Dowamy

Soňky mowzugymda Wýetnamda başyma gelen bir tejribäni paýlaşypdym. We käbir tanyşlarymyň islegi boýuça şol meselä çözgütleri paýlaşmakçy.

Elbetde men ökde pedagog däl. Bary ýogy 3 ýyllyk tejribäm bar. We esasan 14-15 ýaşlylaryň sapaklaryna girýädim. Ýöne Wýetnamda 1-5-nji synplaryň sapaklaryna girmeli boldym. Synpa girenimde nirä düşenimi bilmän aljyrap galdym.

Mekdeplere gidýän beýleki mugallymlaryň tejribelerini soradym. Olaryňam köpüsi ilkinji gezek edil meniňki ýaly ýagdaýa düşipdirler. Continue reading →

Kömek

Täze başlatjak proýektim üçin kömek gözleýän.

Concrete5 dwižogyna türkmençe dil goşmaly. Öň concrete5 dwižogynda tejribesi bar bolanlar [email protected] adresine mail arkaly habarlaşmalaryny haýyş edýärin.

2012-nji ýylyň jemlemesi

2012-nji ýylyň tamamlanmasyna az wagt galdy. Geçen ýyl 2011-nji ýylyň jemlemesini hem edipdim. Indi geldi 2012-njy ýylyň jemine.

overview

 

2012-nji ýylda umuman 2104 gezek saýtyma girilipdir. Olardan 1602 sany unikal giriş bar. Bul sany 12 aýa bölenimizde her aý ortaça 175.3 gezek bolýar we 133.5 unikal giriş bolýar. Geçen ýylky bilen deňeşidrilende unikal giriş 2 esse dagy köpelen. Ýöne bir gezek gelen myhmanlaryň gaýtadan gelme statistikasynda gaty peselme bar. Geçen ýylky 41,15% garşylyk bu ýyl bary ýogy 25,90%. Diýmek her 4 myhmandan 3-si gaýdyp gelmändir blogyma.

Bellik: Suratlara syçanjyk bilen basanyňyzda täze sahypada suraty doly ölçegde görüp bilersiňiz.

Continue reading →

Google Apps

Dekabr aýynyň 7-den başlap Google Apps free, ýagny mugt, hasaplarynyň işini togtadandygyny yglan etdi. Men bul saýtymda şol app-lerden biri bolan Analytics ulanýan. Analitikanyň kömegi bilen saýtyma gelip gidýänleri yzarlap bilýädim. Haýsy ýurtlardan, haýsy enjamlar bilen girýändiklerini. Şonyň netijesinde yzarlaýyjylary ýitirmejek bolup täze täze mowzuklar açýadym. Indi bolsa mugt hyzmat ýok. Pullysyna geçäýsemmikam?

Owadan gyzlar

Täsin zat, Google Analitikasyna ynansak meniň saýtymy gözleglerde “owadan gyzlar” ýa-da “owadan gyzlaryň suratlary” ýaly gözlegler netijesinde tapylýar ekeni. Özüm barlap gördim, ýalan. Meniň saýtym başdaky 3 sahypada çykanok. Menem ýalan bolmasyn diýip owadan gyzlar mowzugyny açaýdym. Indi hä çykaýmaly başlarda

Atsyz mowzuk

Meni yzarlaýan adam galdymy bilemok. Şonda-da ýazaýaýyn diýdim. Kän wagt geçdi soňky gezek ýazalym bäri bul ýerde. Elim degýän wagtlaram boldy, bahanada ýok.

Meniň haýran galýan zadym, men ýazmasam hem meniň saýtyma girip çykýanlar… Google Analyticsa seredenimde her aý ortaça 150 gezek saýtyma girilýar. Saýtyma girýänler, kim siz? Girýänler üçin hem bolsa kiçiräk mowzukjagaz.

Ýene belläp geçmeli zadym, öňki mowzuklarymda ulanylan suratlaryň köpüsini görüp bolanok. Suratlar bölümindäki suratlary hem şeýle. Elim degse baryny düzeltmekçi.

Sagylygyňyzy dileýän.

800.000 Amerikan Dollary

Sekizýüz müň amerikan manadyny kimiň eline alasy gelmez? Jogap: Meniň!

Maňa ýaňyja bir elektron hat (e-mail) geldi. Içinde bir haty surata öwürip hat bilen goşup iberipdirler. (Belki-de şeýdip spam filterini geçendirler) Suraty alyp içindäki haty okanymda “you have won $800,000.00 (EIGHT HUNDRED THOUSAND UNITED STATES DOLLAR)” diýýän bir hat çykdy. Continue reading →

2011-nji ýylyň jemlemesi…

2011-i hem geçirdik nesibesi bilen. BaýramTM blogy barada gysgaça hasabat bilen 2011-nji ýyly jemläsim geldi.

Asyl saýt açma pikrim öňden bäri bardy. Ýöne öňler mugt hosting hyzmatlaryny ulanýadym. Olaram meniň öz islegimdäki ýaly hyzmat berip bilenokdylar. (Mugt zatdan başga näme garaşjak? =) ) Şeýlelik bilen ömri uzak bolar ýaly birem planynsayty.mugtsaytbar.com ýaly adyny ýatda saklap bolmajak birzatlar bolandan ýylda 10$ töweregi bayramtm.com adresi satyn aldym, we saýt Aprel aýynda, has takygy aýyň 22-den 23-e geçýän gije işe başlady.

Agajan hem şol wagtlar öz saýtynda (www.agajanh.com) şahsy blog açyp edýän işleri we pikirlerini paýlaşmakçydy. Soňlugy bilen işleri kän bolansoň goýbolsyn etdi. Agajan 3 proýektini hödürlän bolsa arkasynda 10 sany proýekt hem durandyr. Olaryň heniz wagty gelmänligi sebäpli kän agzalanok, ýa-da ujyndan birzatlar görkezip goýýar. We biz ikimiz statistikada bir birimiz bilen ýaryşjakdyk. Agajanyň saýtynyň hasabatyny bilmedim welin, men siziň bilen öz saýtyma girýänler barada birnäçe maglumat bermekçi… Continue reading →

12