Leýkemiýa, ýa-da leýkoz, gan öýjüklerinde rak keseli. Mýeloblast we limfoblast leýkozy diýip iki görnüşi bar. Olaram öz içinde ýiti we hroniki şeklinde ikä aýrylýar. Ýiti bolanda bütin proses gaty çalt bolýanlygyny aňladýar.

Mendäki görnüşi Ýiti Limfoblast Leýkozy. Iňlis dilinde Acute Lymphoblastic Leukemia bolany üçin baş harplaryny alyp ALL şeklinde gysgaldylýar.

Adam ganynyň düzümi gyzyl gan öýjükleri (eritrositler), ak gan öýjükleri (leýkositler) we gan plazmasyndan ybarat. Elbetde ganyň düzümi diňe bulardan ybarat däl, ýöne galan zatlar häzirlikçe möhüm däl. Leýkositler öz gezeginde neýtrofiller (neutrophils), limfositler/limfoblastlar (lymphocytes/lymphoblasts), mýeloblastlar (myeloblasts) we ş.m. öýjüklerden ybarat. We bütin gan öýjükleri 5 ýaşa çenli bagyr we ýiliklerde öndürilýär, 5 ýaşdan soň diňe ýilikde öndürilýär. ALL hassalygynda ýilikde “kämilleşmedik” limfoblast öýjükleri (mundan beýläk diňe limfoblast) öndürilip başlanýar. Ýagny öýjükleriň öndüriliş prosesi doly tamamlanmaýar. We limfoblast öýjükleri mitoz öýjük bölünmesi arkaly öz özüni nusgalap köpelip başlanýar.

Şeýlelik bilen süňkiň içi limfoblastlardan dolýar we beýleki gan öýjükleriň öndürilmesine hem päsgel berýär. Bu diýmek gyzyl gan we plazmanyň içindäki beýleki öýjükleriň öndürilmesi hem togtap bilýär. Eritrositleriň ortaýa 120 günlik ömri bar. Öz ömrüni doldurandan soň täze öýjükleriň önümçiligi az bolanda anemiýa başlanýar, ýagny gan azlygy. Eritrositleriň esasy maksady endamyň her ýerine kislorody eltmek. Kislorod myşsa öýjüklerinde ýaglaryň ýakylmasy üçin möhüm element. Ýag ýakylmasynyň netijesinde energiýa, suw we kömürturşy gazy emele gelýär. We şol eritrositler tabşyran kislorodyň ýerine kömürturşy gazy alyp endamdan çykarýar. Gan azlygy bolanda kislorod ýetmän başlanýar we çalt çaltdan dem alyp başlaýas. Energiýa öndürilmänsoň çalt ýadaýas we kelle aýlanmalary we göz garaňkylanma ýaly simptomlar emele gelýär.

Gan plazmasynyň içinde endama gerekli beloklar bilen beýleki möhüm agza bolan trombositler bar. Trombositleriň esasy işi gany doňdurmak. Ýagny bir ýaradan gan akyp başlandan trombositler şol ýere baryp gany doňdurýalar we kesmek emele kelýär. Indi trombositler az bolan wagty (thrombocytopenia) ýaralardan gan akmasy hemişekiden kän dowam edip bilýär. Ýygy-ýygydan burun ganap burundan gelýän gan hem derrew dynman bilýär (mende 8 sagada golaý dynman akyp durdy bir gezek). Ýöne iň gorkuly ýagdaý içgi ganamalar, sebäbi adam ganamadan bihabar bolup bilýär, we içgi organlara gan gidip başga problemalary ýüze çykaryp bilýär.

Leýkositleriň önümçiligi hem kynçylykly bolýar. Limfoblastlar kämilleşmänlikleri üçin olardan hiç peýda ýok. Beýleki leýkosit öýjükleri hem doly öndürilmänlikleri üçin “peýdaly” leýkositleriň sany hem gaty azalýar. Bärde belläp geçilmeli zat ALL-da gan gemogrammasynda (ganyň düzümindäki öýjükleriň sanawy) leýkositleriň sany gaty uly görünip bilýär, olaram esasan “peýdasyz” we kämilleşmedik limfoblastlar. Leýkositler esasan wiruslara garşy gorag mehanizmiň (immunitet) bir bölegi hökmünde işleýärler. Bul diýmek leýkositleriň sany azalan wagty endamymyz ýönekeýje wirusa garşy hem göreşip bilenok. Adamlar hemişe howadan, suwdan we başga-da ýerlerden wiruslar bilen garşylaşýar, we biziň immunitetimiz şol wiruslaryň köpüsini häli endama ýaýramaňka ýok edýär.

Aslynda ganyň düzümi barada aýdylara zat gaty kän. Her bir öýjük bir gudrat. Adam hassalanman käbir zatlara göz ýetirip bilenok. Öň mekdepde okan wagtymda ýokarda ýazan zatlarymyň ählisini geçipdik, ýöne esas manysy bilen düşünmändirin. Haçan-da özüm hassalanyp hemme simptomlaryň sebäbini gözläp başladym, şonda düşünip başladym.

Dem alma kynçylygy, çalt ýadamak, teniň reňkiniň üýtgemesi gan azlygynyň (eritrosit we gemoglobiniň azlygy) alamaty. Ýygy-ýygydan burnymyň ganamasy, dişimi aldyransoň 3-4 günläp ganyň dynmaýyşy trombositleriň azlygynyň alamaty. Sowuklamadan 3 hepdeläp açylyp bilmeýişim, üsgürme (pnewmoniýa wirusy), uçugyň (gerpes wirusy) bir aýlap durmasy, goltuk we boýun mäzleriň çişmesi (mäzlerde wiruslara garşy “antiwirus” döredilýär) bary immunitetiň gowşanlygynyň alamaty.

Saglygymyzy goralyň!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *