2014-nji ýylyň oktýabrynda Ertir-de ýazylan meniň hassalyk hekaýamyň ilkinji üç bölümini bärde jemläp ýazýan.

Ýaradan öz bendelerini her hili synaglardan geçirýär ýaşaýyşy boýunça. Synaglaryň maksatlary barada alymlar kän ýazyp, gürrüň edendirler, men olara girjek däl. Saglygyň bir nygmatdygyny saglygyňy ýitirende düşünýäň. Bu meniň hekaýam…

Birinji Bölüm – Birinji Gan

2013-nji ýylyň Sentýabry. 29 ýaşymy Bangkok aeroportynda Starbucks kafeteriýasynda ýeke özüm gutlaýan. Elimde Chocolate Chip Frappuccino, öňümde kompýuterimde serial oýnap dur. Gijäni birzatlar edip güýmemeli. Irden sagat 5 töweregi uçuşa hasaba alynyş başlanýar. 6 aýlyk Wýetnam iş tejribämden soň Türkmenistana dolanýan. Ýadaw.

Oturyp uklap bilemok. Şol sebäbli uçarlarda ýa-da awtoulaglarda hiç uklap bilemok. Näçe ýadaw bolsamam. Bangkok-Aşgabat uçuşy 6 sagada golaý. 3 sagat kompýuterimde we ýene-de 3 sagat planşedimde kino/serial görüp geçirdim. Ýene ukysyz. Ýadaw.

Aşgabada baranymda eýýam aýyň 17-si. Özen okuw merkezinde täze tapgyr aýyň 16-da başlady. Meniň hem okatmaly 4 sany toparym bar. 18-ne bir günde 8 sagat derse girmeli. Sapaklara taýynlanmaly. Ýadaw.

Daşoguza öýe barmaly. 21-de irdene uçuş. 2 gün ýaly öýde dynç alyp bilern. 21-de daňdan uçuş. Bir gün öňünden telefonymy gurup irden ýatdym. Gije oýandym, sagada seredenimde 4-e birnäçe minut bar. Oýanmagymyň sebäbi burnymdan gan akany. Birinji gan.

Burun ganar, öwrenşen zadymyz. Uzak wagtdan soň Türkmenistanyň howasy agyr gelen bolup biler. Ýadawlyk we ukysyzlyk hem bolup biler. Kän üns bermedim gananyna. Ýöne gaty kän ganapdy, birem, suw akanok öýde. Men bolsa eýýam geýinip uçara ýetişmeli.

Soň şol güni gündiz ýene ganady. Ertesi gün hem. Ganar, geçer we gowulaşar diýdim. 2-3 aý boýunça gijeleri kän oýandym burnym ganap. Hatda 2-3 gezek sapagyň ortasynda ganan ýagdaýlaram bolupdy. Soň goýdy. Ýöne birnäçe aýdan soň ýatlatdy…

Ikinji Bölüm – Ganyň Dowamy

Iýun aýynyň ahyrynda Oraza başlanjak wagtlary bir gije dişim agyryp ýatyp bilmedim. Irdengörsem çep tarapym çişipdir, çydar ýaly däl. Bardyk täze gurulan diş merkezine. Iriň bar diýdiler we çep aşakdaky akyl dişimi sowurmasak bolanok diýdiler. Diş gitdi. Gan geldi.

3 günlap gan durmady. Agyrysy hem dynmady. Ara dynç günleri girensoň hassahana barmagyň peýdasy ýok diýip garaşdym. Soň bardym. Gan durdy. Agyryny 3 günlik fizioterapiýa bilen aýyrdylar.

Orazamy 3 gün giç başladym, sebäbi agyra çydaman derman içýädim. Ýöne kän zat iýemokdymam. Iýip bilemok. Agzym bekli bolmasa-da aç gezýädim bütin gün. Orazada horlandym.

Ýöne birhili sähelje salkynda gyzgynym galýady, kelläm agyrýady. Diş agyrjak bolýady. Orazaň ahyrlaryna gurluşyk meýdançasyndan gelip (ol wagta çenli Özen işini togtadypdy, bizem gurluşyk işine girdik) otagymda dynç alaýyn diýip, salkyn jaýda uklap galypdyryn. Ertesi güni aýaga turyp bilmedim.

Sowuklama agyr geçdi. Aslynda hiç açylyp bilmedim. Simptomlary ýeňilense-de özümi duýşumda kän bir üýtgeme bolmady. Gäwersde täze gurluşuga başladyk. Täze başlanýan desganyň işi hem kän, firmamyz häli kiçi, adam az, işleri başlatmaly. Hassalyga kän üns bermedim. Çydadym.

10 gün geçdi. Daşoguza, öýe gidip geldim. Öýdäkilerem horlanandygymy aýtdylar. Hakykatdanam Iýun aýynda täze alan eşiklerim maňa giň bolup durdy. Aslynda biraz dardy alan wagtymda. Semizligim sebäpli öz ölçegimde eşik tapmak hemişe kyn.

Yzyma dolananymda Gäwersdäki brigadirim tenimiň agarandygyny aýtdy. Saglygymy sorady. Birnäçe gün soň doganym hem görende şol birzady diýdi. Ýagdaýym gün günden agyrlaşýady. Ýadaýan.

Bir gün garnymyň çep tarapym agyryp başlady. Maşynda dagy sarsylsa iňňe dürtilen ýaly sanjyp başlady. Dem alyşym agyrlaşyp başlady. Kän ýöräp bilemok, ýadap başladym. Sowuklanymdan bäri 3 hepdä golaý wagt geçdi. Ahyry hassahana gitmeli wagty geldi.

S.A. Niýazow adyndaky hassahana. Hassalar, hossarlar, çagalar, ulylar, gyzgynlyk, howasyzlyk. Oturara ýer ýok. Aýakda hem duranymda ýadaýan. 4 gün gatnadym. Iç goşlarymy barladylar. Bagrymyň we dalagymyň USB-sinden (UZI) soň lukman öň Gepatit (sary getirme) bolup bolmanymy sorady. Eger Gepatit bolan bolsam ýadymda galardy. Ýöne birnäçe gezek sorady. Soňam barlanmagymy sorady.

Gan tabşyrdym, lukmanyň ýazyp beren zatlary esasynda gan tabşyrdym. Soň Daşoguzdakam analiz netijelerini görkezenimde Gepatit barlagy edilmändigini bildim. Men nireden bileýin, Türkmenistanda öň hiç hassahana giden adam däl (Harby wekilliginiň iberenini hasaba alamok).

Ahyry 4-nji güninde Anemiýa diagnozyny goýdular. Birtopar derman ýazyp 10 günlik bejergi ýazyp berdiler. Elbetde iş bilen onam edip bilmedim.

Diagnoz goýulan güni öýde otyrkam birden burnym ganady. Bir sagatlap gan durmady. Soň bildim, ganyň düzminde gany doňdurýan trombositleriň gaty azalandygyny. Dişim alynanda hem 3 günläp ganamasynyň sebäbem şol bolmaly.

Munyň ýanynda durman horlanýan. Ofisda terezi tapdym, we agramymy barlap gördim. Ondan öň Maý aýynda barlapdym agramymy, şol gezek 126 kg. gelipdi. Häzir bolsa 114 kg.

Bir hepde soň irden boýnumdaky mäzler çişdi we gyzgynym galdy. Öýde ikinji gata merdiwan çykan soň ýadawlykdan bitap düşýän. 5-6 minut dem almasam gymyldap bilemok. Indi bejergä başlamasam bolmaz diýdim we işden jogap aldym. Daşoguza gitdim, öýde bejergi almana.Netijede, diagnoz ýalňyş…

Üçünji Bölüm – Diagnoz

Daşoguzda goňşymyz şepagat uýasy. Köp ýyl reanimasiýada işlän we hassalara seretmekde ökde. Düşünmedik zady bolsa hiç çekinmän lukmanlardan maslahat alýan biri. Meni görüp gorkupdyr. Aşgabatdaky hassahanadan alan hemme zady alyp ertesi güni iş ýerinde lukmana görkezdi. Soň meniň özüm hem bardym ýanyna.

Gepatita hiç barlanylmandygymy şonda öwrendim. Aşgabatdakylar başga gan analizlaryny ýazyp ony ýazmandyrlar. 2 ýyl + 6 aý Günorta Gündogar Aziýada işläpdim. Hakykatdanam soň seretsem käbir simptomlar Gepatityňka meňzeýär. Hökman barlanmagymy isledi. Oň ýanynda başga gan analizlary hem etmegimi isledi. Diagnostikada barlandym, Gepatit ýok. Ýöne gandaky gemoglobin we eritrositleriň gaty peselendigini gördi we gematolog lukmanyna ugratdy.

Welaýat hassahanasyna gitdim we aýdan lukmanyny gördim. Analizlary görüp hökman hassahana ýatmagym gerekdigini aýtdy. Ertesi gün irden hassahana bardym we ýerleşdim. Her gün gan analizlary, ukollar, dermanlar. Gan guýuldy, plazma
guýuldy. Ýagdaýymda kän üýtgeme ýok. Dem almak kynlaşdy we indi üsgürip başladym, gepläp bilemok kän. Ýatan ýerimden turyp hajathana baryp gelýänçäm ýarym sagat gerek, ýolda oturyp dynç almaly. Mäzlerim häli çiş we gyzgynym
gaýdanok. Bir kömegi diňe guýulan ganlardan boldy. Azyrak hem bolsa reňkim düzeldi.

Garaz, Daşoguzdakylar meniň gan analizlarymdan gorkupdyrlar, we Aşgabada gidip aňyrda barlanmagym gerekdigini aýdypdyrlar. Daşoguzdaky laboratoriýalaryň Aşgabatdaky ýaly kämil däldigini we iň gowy gan barlama laboratoriýanyň Onkologiýa merkezindedigini aýtdylar. Şol ýerdäki lukmanlaryň görkezmesi esasynda hereket etmegiň has gowy boljagyny aýtdylar.

Türkmenistandaky medisina ulgamynda bir meniň ters görýän zadym bar. Lukmanlar bolýan zatlary hassalara habar berenoklar. Men ýokardaky zatlary soň öwrendim. Hassahana kakam gelip gidýä, lukman oňa birzatlar diýýär, kakamyň hereketleriniň üýtgänini gördim, aljyrama bar ýaly. Soň Aşgabada meň iş ýerime, başlyklaryma jaň edipdir. Başlygymam öz synpdaşym, olam Türkiýä gidip aňyrda barlanmagymy teklip etdi. Maslahtlaşdyk, we derrew hassahanadan çykyp Aşgabada gitdik. 3 günden soň Stambuldadym.

Türkiýa gitmänkäm hassahanadan alyp bilen analizlerimi aldym. Lukmanyň ýazyp beren göçürmäni zordan okap bildim. “Ýiti Limfoblastik Leýkoz” diýip duran ekeni. Türkiýä baryp şol diagnozyň dogry bolup bolmandygyny anyklamalydym.

Fiziki ýagdaýym gün günden erbetleşýär. Stambul ýaly uly şäherde bul ýagdaýda gezmek gaty kyn. Bar ýük ýanymdaky ýoldaşyma düşdi. Gerekli ýerinde goltugyma girip bile ýöredik, nahar bişirýä, hemme ýere özi ylgaýar. Tölegleri, dokument işlerini aňyry-bäri ylgap ýöredi, men bolsa bir kenarda oturyp garaşýan. Iş bolansoň 2 minutlyk bir analiz tabşyrýan. Agramym 110 kg.

Dr. Emine Gültürk, gematolog-onkolog lukman, ýanyna baranymyzdan bramakdan gan aldyrdy we beýleki analizlar üçin kagyz ýazyp berdi. Biz dokument we töleg işlerini tamamlaýançak ol ýaňky barmakdan alynan gany özi mikroskopda görüp blastlaryň
känligini görüpdir. We hakykatdanam leýkozyň barlygyna meňzeýändigini aýtdy. Ýöne leýkozyň görnüşini kesgitlemek üçin Marmara Uniwersitetiniň hassahanasyna iberdi analiza.

Oň ýanynda meniň üsgürme, gyzdyrma we mäzleriň çişmesini hem barlady. Öýkenimiň rentgeninden pnewmoniýaň başlandygy görüldi. Mäzleriň çişmesi bolsa meniň immunitetimiň çökenligi sebäbli endamymyň infeksiýa garşy göreşmesi ekeni. Leýkoz (leýkemiýa) wagtynda gandaky leýkositler gaty azalýar we infeksiýa garşy durup bilenok. Mäzler bolsa antigen öndürip başlaýalar öziçe göreşmek üçin. Kän öndürileninde mäzler çişýär. Birnäçe derman berdi, ertesi güni gyzgynlygym  gaýtdy we mäzlerdäki çiş hem. Üsgürme bir hepde ýaly dowam etdi.

Analizlar netijesinde ahyrky diagnoz: Ýiti Limfoblastik Leýkoz/Leýkemiýa (Acute Lymphoblastic Leukemia, ALL; Острый  Лимфобластовый Лейкоз/Лейкемия, ОЛЛ). Ýagny Ak-Gan keseli, gan rakynyň bir görnüşi.
Ýiliklerde gan öndürýän kök öýjükler (stem cells / стволовые клетки) ilki bilen limfoblast öndürýär, soň şolardan aralarynda leýkosit hem bolan immunitete gerekli gan öýjüklerini öndürýär. Meniň ýagdaýymda limfoblastlar öz işini etmegiň ýerine öz özüniň kopiýasyny çykaryp başlaýar we ýiligiň içi blastlardan dolýar. Soňlugy bilen süňkiň içine sygman gana girýär we  endamyň ähli ýerine dargaýar. Süňkiň içinde blastlardan doly bolanyna gyzyl gan öýjükleriň, trombositleriň we ş.m. ganyň düzmünde bolan öýjükleriň öndürilmesinde hem kemçilikler bolýar, we şeýlelik bilen mendäki gan azlygynyň simptomlary görülýär.

Burun ganamasy bilen başlapdy hekaýam…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *