Hello again!

Blogym uzak wagt hereketsiz ýatdy. Nireden seretseň iki ýyla golaý bir wagt geçipdir. Munyň asyl sebäbi meniň saýtyň admin paneline girip bilmänim.

Saýt WordPress sistemasynda işleýär, we bu sistema aram-aram täzelenýärem. Menem gelen täzelenmäni gurnap ulanaýyn diýip bir bela galdym. Hemişe duran ýerinden “Täzele” diýäge-de awtomatiki usulda geçýädim, ýöne bu gezek bolmady. Täze wersiýany gurnap durkam bir ýalňyşlyk boldy, we soň admin paneli açylman galdy. Ol döwür özüm hassalygym bilen göreşip ýörän döwrüm. Soň elim ýeňilände seredern diýip goýupdym, iki ýyl geçäýipdir.

Ýakyn wagtda saýty başga bir sistema geçirmekçi. Indi çalt çaltdan ýazyp täzeden herekete geçmekçi. Ýakynda blogyň 5 ýyllygam bolmaly…

Leukemia – Leýkoz

Leýkemiýa, ýa-da leýkoz, gan öýjüklerinde rak keseli. Mýeloblast we limfoblast leýkozy diýip iki görnüşi bar. Olaram öz içinde ýiti we hroniki şeklinde ikä aýrylýar. Ýiti bolanda bütin proses gaty çalt bolýanlygyny aňladýar.

Mendäki görnüşi Ýiti Limfoblast Leýkozy. Iňlis dilinde Acute Lymphoblastic Leukemia bolany üçin baş harplaryny alyp ALL şeklinde gysgaldylýar. Continue reading →

Ganyň hekaýasy

2014-nji ýylyň oktýabrynda Ertir-de ýazylan meniň hassalyk hekaýamyň ilkinji üç bölümini bärde jemläp ýazýan.

Ýaradan öz bendelerini her hili synaglardan geçirýär ýaşaýyşy boýunça. Synaglaryň maksatlary barada alymlar kän ýazyp, gürrüň edendirler, men olara girjek däl. Saglygyň bir nygmatdygyny saglygyňy ýitirende düşünýäň. Bu meniň hekaýam… Continue reading →