2013-nji ýylyň awgustynda 6 ýyldan soň birinji gezek Türkiýä bardym. Bu gezek turist hökmünde gitdim.
Baran wagtym Ramazan aýynyň soňky günleridi. We şeýlelik bilen uzyn wagtdan soň Türkiýede baýram geçirdim. Baýramdan bir gün öň Stambulda gezdim. Aşakda Bosfor gezelenjinden suratlar bar. Surat sany gaty kändir. Türkmenistandan girýänler üçin trafik duýduryşyny etmeli.
Eminönüde balyk bişirilýän gaýyklar we arka tarapda Yeni Cami (Täze Metjit).
Eminönüden garşy tarapa seredeniňde Karaköý we Galata diňi.
Bosfor gezelenji 1 sagada golaý dowam edýär. Ilki bilen Stambulyň Ýewropa tarapyny görüp bilersiňiz, soňam yzyna gaýdyşyn Aziýa tarapyny görkezip gaýdýar. Ýalňyşmasam tölegi 20 TL bolmaly, olam 10$ töweregi bolmaly.
Gezelenç hyzmatlary berýän we adamlary gatnadýan katerler.
Bir suratda ägirt kruiz gämisi, Stambulyň simwollaryndan biri bolan “Wapur” katerleri we Turyol firmasynyň gezelenç kateri.
Elbetde şahsy gaýyklar hem az däl.
Kruiz gämileri ägirt bolýan ekeni.
Tomus bolsa-da deňizde howa salkyn bolýar. Gezelençden soň 2-3 günläp dümöwläp gezdim.
Walide Sultan Metjidi we Gökkafes diňi (Süzer Plaza). Metjidiň sag arka taraplarynda Beşiktaş komandasynyň stadiony bardy. BJK Inönü Stadiony ýykylyp ýerine täzesi guruljak. Men baran wagtlarym tribunalaryň köpüsini ýykypdyrlar.
Osman Imperiasynyň şalarynyň Ýewropa ýurtlaryna jogap hökmünde gurduran Dolmabahçe Köşgi (Sarayı).
Köşk, daş töwereginde tekiz ýer bolmanlygy sebäpli, deňiz doldurulyp gurulan. Şonuň üçin ady Dolmabahçe.
Bosfor (Boğaziçi) we Fatih Sultan Mehmet Köprileri.
2013-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda uniwersitediň binasy ýangynda uly zeper görýär.
Ortaköý Metjidi we Bosfor Köprüsiniň Ýewropadaky aýagy. Edil şol metjidiň ýanyndan owadan suratlar düşürip bolýady. Ýöne maňa nesip etmedi. Baran wagtym görnüşi ýaly rekosntruksiýada.
Bosfor Köprüsi. 1973-nji ýylda gurulýar we henize çenli hyzmatda.
Stambulyň iň meşhur gije klublaryndan biri, Reina.
Nämedigini bilemok, ýöne owadan we taryhy bina.
Rumeli Hisary. Soltan Mehmet Stambuly aljak wagtlarynda Bosfordan düşman gämilerini geçirmejek üçin gurduran galasy.
Fatih Sultan Mehmet Köprüsi. Stambulyň ikinji köprüsi.
Anadolu Hisary (Galasy), Rumeli Hisarynyň göni garşysynda Aziýa tarpda dur.
Fatih Sultan Mehmet Köprüsi 1988-nji ýyldan bäri hyzmatda.
Aziýa tarapyndaky binalaryň köpüsiniň adyny bilemok.
Saraýburnu ýa-da Taryhy ýarymada.
Köp wagtdan bäri garaşyp duran suratlardy. Elim diňe häzir degdi bir mowzuk ýazmana.
Soňuna çenli ýaltanman we megabaýtlaryny gysganman gelenlere minnetdar. =))
Nämedigini bilmeýän binaňyz Müsüriň konsullygy (Ýewropa), Aziýa tarapdakysy bolsa Kuleli Askeri Lise – Diňli harby liseý.
Gowy gezelenç bolupdyr. Howa aýna ýaly arassa, suratlaram bet
Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928