Geçen hepde Hoşiminiň (Ho Chi Minh, öňki ady Saýgon) merkezi ýerlerinden biri bolan Ben Tanh meýdanyna gitdim. Şäherlerarasy awtoterminal, turistleriň gelip hökman söwda edip gidýän bazary, uly dynç alyş zolaklary bilen şäheriň belki-de iň hereketli ýerlerinden biri.

Ben Tanh bazary ýapylansoň Gije Bazary açylýar (Night Bazaar). Eger Stambulda bolan bolsaňyz, Şirinewler meýdançasyndaky agşamlary gurnalýan söwda meňzeşräk bolýa. Adam kän, ýöne esasan daşary ýurtdan gelen turistler.

Gije surat düşürmäne gowy ýer. Her hili adam görse bolýa. Garaňkyda surata düşürmekde kän tejribäm ýok aslynda. Birem adamlary düşürmeli wagty mesele has hem kynaşýa. Gelip urjaklaram bar arasynda. Çykyp birnäçe surat düşürdim, suratlar barada teswirleriňize garaşýan.

IMG_5275 IMG_5276 IMG_5279 IMG_5282 IMG_5323 IMG_5334 IMG_5345 IMG_5352 IMG_5354 IMG_5361 IMG_5420

2 Comments

  • Dokumental fotografiýada ökdeligiňiz belli bolýar. Şu wagt kelläm agrap başlady :-). Sebäbi suratlara seredemde ulaglaryň sesi, gözüňi alýan yşyklary, naharly arabalaryň garyşyk ysy kellämi aýlaýar. Suratlaryň ak-gara bolmagy hem olaryň täsirini güýçlendirýär. Umuman aýdanda Hoşimini gitmek islemeýän ýerlerimiň birine öwürdiňiz :-)

    • Gutly, hoş sözleriň üçin köp sagbol…
      Mümkinçiligim bolsa bar işimi goýup diňe fotosurat bilen meşgullanardym. Bul mende şuwagt “passion” bolup dur (türkmençe näme söz ulanjagymy bilmedim). Internetde beýleki fotosuratçylaryň eserlerini görüp şolara öýkenýän häzirlikçe. Ýöne elbetde kän zat öwrendim. Bu günlerde monohrom (ak-gara) suratlaryň üstünde kän durýan.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *