Motor Wýetnam şäherleriniň esasy gatnaw ulagy. Nirä gitseň motordan doly. Wýetnamlylar (Milleti näme bolýa bularyň? Menä wýetkos diýäýýän käwagt.) hut motorda doglan ýaly. Käwagt ýolda duş gelýä, bütin maşgalasy bilen münýäler. Aslynda Agajan bu mesele barada öz syýahat blogynda ýazypdy. Bu ýere birinji gezek gelen biri üçin gaty täsin zat. Olaryň ýollarda bolşuny görüp ýüregiň ýarylýa.

Motor sürmek beýlede dursyn, men ömrümde tigir sürip görmedim. Henize çenli nädip iki tigirde deňagramlyk saklanyp bolýanlygy kelläme syganok. Birnäçe synanşykdan soň meniň motor diýen zady sürip bilmejekdigim meselesi kellämde ornaşyp başlady. Birem gelenimiň birinji hepdesinde awariýa düşip, gapyrgalarymy agyrdansoň bu pikir (gorky, fobia diýseňem boljak) has hem güýçlendi. Iki hepdeläp gijeleri uky alyp bilmän, oturyp turanymda ejir çekmek, hiçkime görkezmesin. Öýdäkilere aýtmadym awariýa bolanymy, doganym aram aram blogumy okaýa, indi habarlary bolar.

Garaz men ýuwaş ýuwaş sürüji däl-de ýönekeý ýolagçy derejesine geçip başladym. Gitmeli, goýmaly ýerim bolsa birini azara goýup baryp gaýtmaly. Soň ýuwaş ýuwaşdan beýlekileriň motor sürüşini syn edip başladym. Nähili ýagdaýda nädip sürýändiklerini. Ýollary öwrenip başladym. Ahyry bir gün agşam ara özüm sürdim motory. Ýeke özüm däldim elbetde, ýanymda Kemal bardy. Şähere çykyp iş ýerimize çenli baryp gaýtdyk. Giç sagatlarda ýolda kän hereketlilik bolmansoň aňsatdy. Ertesi gün turanymda indi özüň sürip gidiber motoryňy diýip ýeke özümi goýdylar. Illeriň 10-15 minut aralykda barýan ýoluny men ýarym sagatdan köp wagtda geçdim. Içimden Kemal sürmäni oňaran bolsa menem oňararn diýip özüme göwünlik berýädim.

Şol wakadan soň 4-5 hepde geçdi. Hudaýa şükür hiç meselesiz sürüp ýörin. Ýöne syn eden kynçylyk we täsinliklerden käbirlerini paýlaşaýyn siziň bilen.

  • Ilki sürip başlan wagtlarymda ýüzim, gözüm, burnym, we başga-da birnäçe ýerim gijäp bizar edýädi. Iki elläp motora gaýym ýapyşansoň gaşanmagam kyn bolýa. Öň aýdyşym ýaly tigir hem sürip görmänsoň kyn bolýady. Käwagt motory gyra çekip gowja gaşanýan, soň 2-3 minutdan soň ýene täzeden gijäp başlaýa. Çatryklarda çyranyň gyzyl ýanmasyny diläp barýadym ýol boýy. Gyzyl ýanýan bolsa gaşanmaga pursat bolýa. Häzir bu mesele çözüldi, ussatlygym kämilleşýär.
  • Motorlar köçeleriň iň sagynda gitmeli ýerli düzgünlere görä. Uly ýollarda motor we tigirler üçin iň sagda esasy ýoldan beton bilen bölünen ýollar bolýa. Bulam uly ýolyň 25% töweregi bolýa. Ýöne eger-de şäherdäki ulaglaryň 70-80% motordan ybarat bolany üçin bu ýollar haçan görseň doly. Gaty gitse 3 motor sygýa ýollara. Birem wýetkoslaryň bir zady bar, olam tanyşlary bilen iki motorda ýol boýy 20-30 km/sagat tizlikde gürrüňdeş bolup gidýäler. Ne sagyndan, ne-de çepinden geçip bolýa bularyň. Signal berseňem ýa eşidenoklar, ýa-da olaryň keýpine degenligiň üçin ters seredip ýol berýärler. Öň Agajan diýýädi, Bangkokda öňüňde barýan iki sany aşyk-maşuklardan geçmek gaty kyn diýip. Edil bärde-de şeýle ýagdaý iki sany motorda gürrüň edip barýanlar üçin degişli
  • Çatryklarda gyzyl ýanýan hem bolsa motorlar üçin saga öwrülmek rugsady bar. Ýöne eger gijä galan bolsaň çatryga we göni gidýän motorlar kän bolsa olar ýolyň sag tarapynam tutýalar we geçmek mümkinçiligi bolanok. Beýle ýagdaýlarda iller pyýada ýodajyga çykýalar motorlary bilen we ýollaryna dowam edýäler. Bulam onsuz hem kyn bolan ýol hereketi kynlaşdyrýa.
  • Şäherde pyýada barýan kän adam görmezsiňiz. We pyýada ýodajyklaryň köpüsi motor duralgalary. Kiçiräk dükänlar ýa-da restoranlaryň öňi gelen müşderileriň motorlary bilen doly. Köpüsinde hem ýörite işgärleri bar motorlara seredýän. Motory goýansoň eliňe bir kagyzjagaz berýä, çykanyňda şol kagyzy görkezmeseň motory berenok. Ýitiräýseň hem kyn bolýa almak. Motor özüňkidigini subut etmeli bolarsyň.
  • Ýaşaýan öýümiň aşagynda awto we moto ulaglara niýetlenen duralga bar. Agşam işden geleniňde motoryňy goýýaň. Irden işe gitjek wagtyň goýan ýeriňde köplenç tapylanok. Munyň sebäbi gelip gidýän motorlar kän. We käwagt seniň motoryň beýlekiniň hereketine päsgelçilik berip bilýä. Munda duralgaň işgärleri motoryň ýerini üýtgedýäler. Käwagt motory goýlan ýerinden çykarmak üçin 2-3 sany motory süşirmeli bolýa. Men eýýam iki sany jalbarymy ýyrtdym motorymy çykarjak diýip.

Garaz motorlar barada aýdara zat kän. Beýleki synlarymy başga bir mowzukda paýlaşaryn.

P.S.

Häzirlikçe Hoçiminden birnäçe wideo görüň

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *