Eýýam iki ýyl töweregi daşary ýurtlarda okuw barada türkmençe maglumat azlygyny belläp geçýädim. Iki ýyla golaý wagtlap bir proýekt ugryndadym. Beýleki dillerde okuw barada maglumat kän, ýöne edil bize gerekli maglumatlar kemçiligi bolanlygy sebäpli şeýle bir proýekti başlatmak maksat edindim.

StudyAbroad.com saýtyny görenden soň esas proýektiň şekli kellämde bellenildi. Ilki özümçe birnäçe maglumaty jemläp, ýönekeý saýt ýasap başlamakçydym işe. Ýöne öz esas işim sebäpli elim degenokdy kän bul meselä.

Türkmenistandan biri eger daşary ýurtda okamak niýeti bolsa, onda tanyş bilişlerinden sorap ugryna çykýar. “Planynyň ogly Kiýewde okaýar, şolar nämäň nämedigi bilýändir…” şeklinde gürrüňler kän geçýändir maşgalalarda. Internete girip tapan ors dilindäki saýtlardan alan maglumatlary hem edil Türkmenistanly dalaşgärler üçin ýeterlik maglumat berip bilmeýär.

Özende işleýän döwrümde bize iňlis dilini okamana gelenleriň ene-atalary hem gelip daşary ýurtda okuw barada maslahat soraýardylar. Biziň köpimiziň daşary ýurtlarda okanlygymyz sebäpli hemme gerekli maglumatlary bilýädirs diýip bize ýüz tutýalar. Aslynda olara-da hak bermeli, başga kimden sorasynlar? Baýramalydaky Özende işleýäkam Türkmengaladan biri gelip, maslahat soranynda özüm hem doly maglumat berip bilmedim. Sebäbi meniň okuwa giren döwrümden eýýam 10-11 ýyl geçdi, we menem täzeliklerden kän habarly däldim.

Şol wakadan soň munyň ýeke adamyň işi däldigine kanagat ýetirdim. Eýsem bul proýekte hemmämiz goşulmaly. Iň aktiw goşulyp kömek edip biljeklerem okap ýörän talyplaryň özleri boljak. Elbetde edil birden StudyAbroad.com-daky ýaly bir portal bolmajagy belli, ýöne türkleriň bir sözi bar “Akar, akar göl olur…” diýýän. Haçam maglumat jemlenerkä diýip garaşsaň hiçhaçan başlap bilmersiň. Şonyň üçin ýuwaş ýuwaşdan maglumatlary jemläp başlabermeli.

Häzirlikçe kellämdäki bölümler şeýleräk bolup biler:

  • “Halkara Synaglar” – TOEFL, IELTS, SAT ýaly halkara kabul edilýän synaglar barada maglumatlar
  • “Türkiýe” – Belki-de daşary ýurtda okuw diýlende iň birinji kellä gelýän ýurtdyr. Biziň giden wagtymyzda TCS, YÖS ýaly synaglar bilen gidilýädi, häzir ikisem ýatyryldy. Dogrusyny aýtsam häzir Türkiýä nädir okuwa gidilýanligi barada hiçhili maglumatym ýok.
  • “Rossiýa” – Bulam käbirlerimiz üçin kellä gelýän birinji ýurt bolup biler. Rossiýada okuw barada öňem hiçzat bilemokdym, häzirem. Eşidýänlerim diňe gybata meňzeş maglumatlardy.
  • “GDA” – Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, munyň içinde bölümçeler hökmünde Ukraina, Belorussiýa, Azerbaýjan ýaly ýurtlary goşyp bilers
  • “Amerika” – Teswirsiz =)
  • “Britaniýa” – Bu ýerde-de söze gerk däl.
  • “Ýewropa” – Soňky döwür Ýewropa ýurtlarynda okaýan talyplarymyz hem köpeldi.
  • “Hytaý” – Hytaýda okaýan talyplarymyzyň sany az däl. Üýtgeşik bir ýurt, üýgeşik bir sistema.
  • “Aziýa” – Aziýanyň beýleki ýurtlary.

Proýekt ulaldykça (ulaljagyna-da ynanýan) täze bölümler ýa-da kiçi bölümçeler goşulyp biliner.

Birem talyplardan haýyş edýän zatlarym bar, olam öz okaýan şähereriňiz barada hem maglumat bermegiňiz. Ýagny şäherdäki söwda edilip bilinäýjek ýerler, awtobus ýa-da metronyň töleglerini, telefon çykdaýjylary, Türkmenistana jaň edeniňizde näçeräk pul gidýär. Garaz aňyra barjak talyplaryň garşylaşjak zatlary barada habar bermegiňiz.

Saýtda häli hiçhili mowzuk ýok, başlangyçda men özüm moderator bolup ýazylan mowzuklary gözden geçirjekdirin. Soňlugy bilen belki araňyzdan islegli birileri bolsa size de moderatorlyk statusyny bermekçi. Saýtyň terjimesini hem ýuwaş ýuwaşdan ediler, häzirlikçe iňlis dilinde. WordPress-de türkmen dili ýok, biziň ulanýan temamyzyň hem taýýar türken dili terjimesi ýok. Terjime saýtynda türkmen dilini goşmalaryny haýyş edip ýazdym, ýöne onam özümiz terjime etmeli bolars. Terjime dynansoň saýty türkmen dilinde görüp bilersiňiz.

Saýtyň hosting hyzmatyny Agajan berýär, oňa-da köp sagbolsun aýdýan.

Saýtyň temasy telefonlar üçin hem niýetlenen. Telefonlaryňyzdan ýa-da planşetleriňizden gireniňizde hem barmaklama (touch) usulynda hem ulanyp bolýa.

Adres: http://okuw.net/

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *