Daşoguz 2009-njy ýylda…

Ýaňy HardDiskimi arasslaýyn diýip köne faýllarymyň arasyna girdim. Içinde 2009-njy ýylda düşürlen suratlary tapdym.

Daşoguzda Sehil firmasynda işleýän döwürde, Agys Suw Zawody üçin gelen ýükleri gümrükden geçirýädim. Şähere çekilmek üçin 230 wagona golaý uly trubalar gelipdi. Şolaryň gelişini we düşürlşini surata düşür diýip elime bir köneje fotoapparat beripdiler firmadan.

Bizem, näme suraty düşürdik, ýöne arasyna şäherde wideo hem alypdyrs. Derrewjik YouTube goýdym wideolary. Görmek üçin dowama geçiň. Continue reading →

OKUW.NET – Täze proýektim

Eýýam iki ýyl töweregi daşary ýurtlarda okuw barada türkmençe maglumat azlygyny belläp geçýädim. Iki ýyla golaý wagtlap bir proýekt ugryndadym. Beýleki dillerde okuw barada maglumat kän, ýöne edil bize gerekli maglumatlar kemçiligi bolanlygy sebäpli şeýle bir proýekti başlatmak maksat edindim.

StudyAbroad.com saýtyny görenden soň esas proýektiň şekli kellämde bellenildi. Ilki özümçe birnäçe maglumaty jemläp, ýönekeý saýt ýasap başlamakçydym işe. Ýöne öz esas işim sebäpli elim degenokdy kän bul meselä.

Türkmenistandan biri eger daşary ýurtda okamak niýeti bolsa, onda tanyş bilişlerinden sorap ugryna çykýar. “Planynyň ogly Kiýewde okaýar, şolar nämäň nämedigi bilýändir…” şeklinde gürrüňler kän geçýändir maşgalalarda. Internete girip tapan ors dilindäki saýtlardan alan maglumatlary hem edil Türkmenistanly dalaşgärler üçin ýeterlik maglumat berip bilmeýär. Continue reading →

Wýetnamda motor sürmek

Motor Wýetnam şäherleriniň esasy gatnaw ulagy. Nirä gitseň motordan doly. Wýetnamlylar (Milleti näme bolýa bularyň? Menä wýetkos diýäýýän käwagt.) hut motorda doglan ýaly. Käwagt ýolda duş gelýä, bütin maşgalasy bilen münýäler. Aslynda Agajan bu mesele barada öz syýahat blogynda ýazypdy. Bu ýere birinji gezek gelen biri üçin gaty täsin zat. Olaryň ýollarda bolşuny görüp ýüregiň ýarylýa.

Motor sürmek beýlede dursyn, men ömrümde tigir sürip görmedim. Henize çenli nädip iki tigirde deňagramlyk saklanyp bolýanlygy kelläme syganok. Birnäçe synanşykdan soň meniň motor diýen zady sürip bilmejekdigim meselesi kellämde ornaşyp başlady. Birem gelenimiň birinji hepdesinde awariýa düşip, gapyrgalarymy agyrdansoň bu pikir (gorky, fobia diýseňem boljak) has hem güýçlendi. Iki hepdeläp gijeleri uky alyp bilmän, oturyp turanymda ejir çekmek, hiçkime görkezmesin. Öýdäkilere aýtmadym awariýa bolanymy, doganym aram aram blogumy okaýa, indi habarlary bolar. Continue reading →