Halkymyz “kompýuterşik” ýa-da “kompýuterçi” diýýär käbirlerine. Kim olar? Näme diýmek ol? Aslynda “kompýuter operatory” manysyny berýän iş wezipesi. Hawa, köp iş ýerinde görýädim öňler, birnäçe ýaş oglan-gyzlar, güni bilen Word-da tekst ýazmak bilen bolýadylar. Işe girjek bolanyňda kompýuter bilýänler üçin has hem aňsat bolýady işe girmek.

Indi bolsa meniň öz pikirlerim we synlaryma geleli.

Kompýuter bilmek nämedir?

Orslaryň şul ýerde “julk” diýip oturýan sözi bar, компютерная грамотность. Türkmençede “kompýuter sowatlylygy” diýip bolar belki. Bul edil başlangyç mekdeplerinde bize öwredilen sowatlylyk ýaly zat. Ýöne harplar we sanlaryň ýerine kompýuteri açyp ýapmak, tekst ýazmak we belki-de “fleşka” faýllary kopiýalamak bolup durýar. Munyň ýanyna birnäçe ukyplylygy hem goşsa bolar, ýöne esas diýjek bolýan maksadymdan kän daşlaşyp bilmez.

Ýeke kompýuter bilmek bilen iş gutarýan bolsa onda hemmämiz ussat bolmalydyk belki-de. Asyl kompýuter biziň işimizi aňsatlaşdyrýan gural. Iki adam hat ýazmak islese, biri kompýuteri ulanyp bilmeýär, beýlekisi bols bilýär. Ikisiniňem ýazuw sowatlylygy deň diýip hasaplasak. Kimden has peýdaly netije alyp bilers?

El bilen ýazan biri galam bilen kagyzda ýazyp başlar. Aralarda ýalňyşlyk hem edip biler, pozguç bilen öçürip ýa-da üstünden çyzyp täzeden ýazar. Ýazuwy näçe owadan hem bolsa haty okan wagtymyz wagt ýitirers, üsti çyzyk bolany üçin gözümiz ýadar.

Kompýuterde ýazylan hat bolsa ilki bilen basma hat bilen ýazylany üçin harplarda gyşyklyk, ýa-da ýazuwy sebäpli okamak kynçylygy meselesi bolmaz. Ýalňyşan wagty hem dogrulap täzeden ýazmak hem aňsat.

Başga bir mysal:

Hasapçy aýlyk ýa-da kwartal hasabatyny çykarýan wagtynda uly kagyzda el bilen ýazyp we ýeke ýeke hasaplamak ýerine Excel-da tablisa açyp diňe sanlary goýuşdyranda hemme hasaby özi edýär onuň ýerine. Iki işiň arasynda ýalňyşmak ähtimaly kimde uly? Elbetde elde ýazylan hasabatda.

Bul mysallar köpelip gidiberýär aslynda. Meniň indi diýjek bolýan zadyma geleli. Biz bir nokatdan beýleki nokada gitmek üçin gural hökmünde ulaglary ulanýarys. Edil şeýle-de bir kär, ýa-da hünär edinenimizde kompýuter hem gurallaryň arasynda bolmaly. We işe girjek bolýan biri “Men kompýuter bilýän.” diýmän, eýsem “Men hatlary kompýuter kömegi bilen has çalt we ýalňyşsyz ýazýan.”, ýa-da “Men hasabatlarymy kompýuter kömegi bilen effektiw we çalt taýynlaýaryn.” ýaly birzatlar diýse.

Mowzugyň ahyrynda Agajanyň aýdyp beren bir wakasy bilen tamamlaýyn.

Garyndaşlaryndan biri jaň edipdir, we printeri bejerip bermesini haýyş edipdirler. Agajanam printerden düşünmeýändigini aýdanynda garşydaky “Sen kompýuterçi dälmi?” diýip, haýran galypdyrlar. Ýok, Agajan programmist. =)

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *