Men ilkinji blogymy ors dilinde ýazyp başlapdym. Ýyl ýalňyşmasam 2002 bolmaly. Ol wagtlar internete girýän türkmenleri iki topara aýyrsa bolýady; Türkiýede okaýanlar birem Rossiýada okaýanlardy. Elbetde başgalaram bardyr, ýöne iň uly topar şeklinde şul ikisi bolup durýady. Men özüm şol wagtlar Ankarada talypdym, we birinji topara girýädim. Ýöne internetde ýazyşanda biziňkiler esasan ors dilinde ýazýadylar.

Memen şol wagtlar ors dilinde blog ýazyp başlapdym. Adresi ýalňyşmasam http://chishik.livejournal.com/ bolmalydy. Soň Google firmasy Blogger platformasyny satyn aldy, menem ondan yza galyp bolmaz diýip http://bunungibi.blogspot.com/ adresden türkçe ýazyp başladym. Bul bloglaryň ikisem işlänok häzir. Aslynda ol ýerde diňe başga ýerlerde tapan gyzyklyja zatlary paýlaşýadym.

Soň Türkmenistana dolandym we uzak wagtlar internetden daşda durdym. 2009-njy ýylyň ahyrlarynda täzeden blog ýazmak pikri döredi. Esasan Türkiýedäki dostlarym soraýady Türkmenistan barada, şolar üçin niýetläp ýene türkçe http://chishik.blogspot.com/ adresinden açdym bir blog. Ýöne elim degmän 2 sany mowzukdan soň goýbolsun etdim.

2010-njy ýylyň başlarynda Teswirleri gördim. Aslynda Teswirler doly manysynda blog platformasy däldi. Men ilki görenimde ony bir foruma meňzetdim. Ilki daşyndan nämeka bul diýip gezdim. Livejournal (mundan beýläk LJ) ýa-da Bloggerdaky ýaly ulanyjylary ýokdy, we özüňe degişli blog sahypaň hem ýokdy (men esasan şahsy bloglara öwrenşenime mi näme?). Ýöne bir sosiallyk bardy onda. We iň esasy zady mowzuklaryň köpüsi türkmen dilinde ýazylan. Bulam meniň üçin täze tejribe boljakdy.

Beýleki blog platformalary esasan özüňe degişli profil berýäler we şol profil bilen özüňe şahsy blog ýa-da birnäçe agzalaryň birlikde ýöredýän jemgyýet bloglaryny açmaga rugsat berýär. Birem öz profiliň bilen beýleki bloglarda teswir ýazyp, beýleki agzalar bilen sosiallaşmak mümkin. Teswirler bolsa şahsy blog platformasy däldi, jemgyýet blogy hem däldi. Ol özboluşly sosial platformady.

Bir tarapdan blog ýazmak üçin ol diýen tejribe hem gerekdirmeýän, aňsat we düşnükli platforma. LJ ulanyp ýörän biri üçin uly bir nygmat. Ýöne belli bir wagtdan soň öz mowzuklaryňy bir ýerde jemlemek we başgalaryňkyny hem yzarlamak kyn bolup başlady. Şonyň üçin özüme ýene bir gezek aýratyn şahsy blog açmak isledim.

Birnäçe aýlap bul mesele kellämden çykmady, ahyry bayramtm.com domain adyny aldym we işe başladym. Iň esasy mesele haýsy platformada dowam etmektedi. LJ we Blogger tejribelerinden soň has aňsat birzatlar tapmalydym. Diňe açyp täze mowzuk ýazar ýaly birem şahsylaşdyrmak aňsat birzatlar gözledim. Nädip tapanymy bilemok, ýöne ahyrynda häzir ulanýan WordPress-i tapdym.

WordPress edil LJ ýa-da Blogger ýaly öz içinde blog açmaga rugsat berişi ýaly (wordpress.com) platformanyň kodlaryny alyp öz isleýşiň ýaly we islendik ýeriňde ulanmaga rugsat berýär. Meniňki ýaly ýönekeýe şahsy blogdan başlap edil Teswirler ýaly (häzirki ady bilen Ertir) çylşyrymly sosial proýektler üçin hem ulanyp bolýar.

Açyk çeşmeli platforma bolanlygy sebäpli internetde giň ýaýran, we bir ýerlerde internet saýtlarynyň 12% WordPress-de taýýarlanandygyny okapdym. Häzirki hasabatyny bilmedim welin, ýöne azalan bolmaly däl. Bu dereje ýaýran platformanyň özgermesi üçin işleýän müňlerçe entuziast (türkmençe söz tapmadym) işleýär. We müňlerçe goşmaça modullar hem tapylýar. Elbetde saýtyň keşbini özgerdýän temalar hem kän. Aslynda bir kynçylygy bar, olam platformanyň türkmençe wersiýasy ýok. Özüm terjime edeýin diýdim ilki, ýöne dynyp bolanok. Birem tehniki sözleriň doly manysyny hem bilemok käbirleriniň.

Iki ýyldan gowrak blogymy dowam etdirýän. Köplenç ýazan mowzuklarymy Ertirde hem paýlaşýan. Munyň daşynda iňlis dilinde suratlar arkaly hekaýalar paýlaşýan LJ platformasynda http://bayramtm.livejournal.com/ adresinde blogym bar. Ýöne oňa kän elim degenok. Ertirde hem ýörite mowzuklar ýazýan. Beýlekileriň bloglaryny hem okamany halaýan. Elim degdigiçe ýamana dowam etmeli.

P.S.

27-nji maý güni WordPressiň doglan güni ekeni. 2003-nji ýylyň 27-nji maýynda “Hello World!” diýen platforma bu ýyl 10-njy ýaşyny doldurdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *