Soňky mowzugymda Wýetnamda başyma gelen bir tejribäni paýlaşypdym. We käbir tanyşlarymyň islegi boýuça şol meselä çözgütleri paýlaşmakçy.

Elbetde men ökde pedagog däl. Bary ýogy 3 ýyllyk tejribäm bar. We esasan 14-15 ýaşlylaryň sapaklaryna girýädim. Ýöne Wýetnamda 1-5-nji synplaryň sapaklaryna girmeli boldym. Synpa girenimde nirä düşenimi bilmän aljyrap galdym.

Mekdeplere gidýän beýleki mugallymlaryň tejribelerini soradym. Olaryňam köpüsi ilkinji gezek edil meniňki ýaly ýagdaýa düşipdirler.

Bu ýerde bizden garaşylýan zady dogry düşünmeli. Ilki bilen biz, ýagny daşary ýurtlylar, giden mekdebimiz üçin rekmala enjamy. Ýagny mekdep özüni tanadanynda biz iňlis dili sapaklaryna daşary ýurtlylary getirýäris diýip bilýär. Soňam wýetnamlylaryň aksendi gaty üýtgeşik. Men özüm zordan düşünýän. Şoň üçin biz esasan kiçi çagalara gepleşik geçmeli we olaryň gürleýiş ukyplylyklaryny gowulaşdyrmaly.

Muny nädip edip bolar? Olam diňe oýunlar arkaly. Synpda kiçiräjik çäre geçirip, öz aralarynda ýaryşdyrmak. Internediň jany sag bolsun. Gözläp bilseň herhili çäreler tapýaň. Elbetde olary öz okuwçylaryň derejelerine seredip üýtgetmeli bolýaň. Öň kiçi synplar bilen tejribäm bolmansoň bul çärelerem ilki kyn gelýär, ýöne wagtyň geçmegi bilen hemme zat gowulaşýar.

Blogyň soňynda synpdan kiçiräk wideo:

2 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *