Aprel aýynyň 19-y Wýetnamda nämedir bir sebäpli dynç güni yglan edildi. Tanyşlaryma soranymda ýarym iňlisçesi bilen bir korollarynyň ýa doglan güni, ýa-da ölen günimi näme… Garaz bizi gyzyklandyrýan tarapy şol güniň dynç bolmagydy. Bizem öýde biderek ýatmaly diýip kiçiräk gezelenje çykaly diýdik. Nämede bolsa bir aýdan bäri Wýetnamda ýörin, hiç ýere çykmadym.

Soňam tanyşlardan golaý we dynç alyp boljak ýeri soradyk. Olaram Vung Tau (Wuň Tau) şäherini maslahat berdiler. Vung Tau, Ho Chi Minh-den gara ýoly bilen iki ýarym sagat daşlykda. Tiz katerler bilen bolsa bir ýarym sagat töweregi. Ýerleşýän ýeri bir ýarym-adada, Günorta Hytaý deňiziniň (South Chinese Sea) kenarynda. Şäher esasan 9 millionlyk Ho Chi Minh-yň ilatynyň dynç günlerinde gelip gidýän ýerleri. Gelip deňizde suwa düşýärler, balyk tutýarlar we esasan uly şäheriň dymyk howasyndan gaçyp gelýärler.

Başga-da belläp geçmeli zat, Vung Tau nebitçileriň şäheri. SSSR döwründe gurulan Viet-Sov Petrol (Wýetnam-Sowýet Nebit) kompaniýasynyň merkezi edara ediş ýeri ýerleşýär. Bärde ýaşaýan orslar az däl. Ýöne olaryň ýaşaýyş ýerleri aýratyn, içinde kiçiräjik şäherçe, öz mekdepleri bar. Restoranlarda menýu iki dilde berilýär turistlere: iňlis we rus dilinde.

1. Biz Vung Tau köne ors “Meteor” tiz katerleri bilen gitdik.

01

Iň çepdäki men, ortadaky Kemal we iň sagdaky Aman. Biletleri öňünden almaly, baryp ýerinde tapmak kyn bolýar. Biz bir gün öňünden alanymyz üçin gäminiň iň arkalarynda ýer galypdyr. Bahalary 10-13$ töweregi.

2. Gämide iki salon bar we ikisiniň arasynda açyk ýerde durup töweregiňi synlap bolýar.

02

3. Bizem pursaty tapyp surata düşürmäne çykdyk.

03

Çykylýan ýeri gäminiň motor bölümi bolany üçin sese çydap kän durup bolanok.

4. Vung Tau bizi güler ýüz bilen garşy aldy.

04

5. Birem balykçy gaýyklary.

05

6. Vung Tau-da şäherde gezmek üçin iň amatly ulag motor. Bir motoryň günlik tölegi 10$ töweregi.

06

7. Mundan soňky suratlary 2 bölüme aýyryp bilersiňiz. Birinjisi motorda düşürilen pes hilli suratlar, ikinjisi bolsa Amanyň suratlary.

07

8.

08

9. Şäher iki sany dagyň arasynda ýerleşen. Daglaryň birinde deňize seredip duran Ysa pygamberiň heýkeli bar. Wýetnam öňki fransuz koloniýasy, we olardan soň uly medeni yz galan. Esasanam arhitekturada.

09

10. Şäherden birnäçe pursat.

10

11.

11

12.

12

13.

13

14. Ýaşaýyş jaýlary

14

15.

15

16. Köçeleri giň we arassa.

16

17.

17

18. Men motor sürip bilmänsoň, birem surat düşürmeli bolansoň biz iki sany motor aldyk. Ilki bilen men Kemalyň motorynda oturdym, soň Amanyň ýanyna geçdim. Kemal arkasyndaky ýükden dynanyna begenip sürip barýar.

18

Kemal türkmen internetinde “kemaltm” ady bilen tanalýar. Google+ we Instagram profillerinden yzarlap bilersiňiz.

19. Aýlawlarda (krug) haýsy tarapa sürmelidigini görkezýän yşaratlar goýulan.

19

20. TM Computer.

20

21. Ýarymadany aýlanyp çykdyk, we ýene başlan ýerimize geldik.

21

22. Şäheriň nebitden soň esasy ekonomikasy turizm. Şäherde her ädimde otel tapylýar.

22

23.

23

24.

24

25. Turizm şäheri, özem deňiziň kenaryna bolsa, deňize suwa düşmän gaýtmak uly ýalňyşlyk bolar.

25

Şäherde deňize suwa düşer ýaly ýer kän. Halk üçin açyk plýažlar bar. Ýöne olarda adam gaty kän. Birem adamyň azyrak bolan pully ýerlerem bar. Adamlar maşgalalary bilen gelip dynç alýarlar. Bizem şol ýerleriň birine gitdik. Baryp bir çärtegiň kölegesinde duran iki sany kuşetkany aldyk. Bir salym soň bir gelneje gelip elimize kwitansiýany uzatdy. Iki sany kuşetka üçin 400.000 dong (takmynan 20$).

26. Deňiziň suwy ýyly. Plýažda surat düşürmäne gelmedik, suwa düşmäne geldik. Şonuň üçin başga surat ýok. Fotoapparady daşyrak bir ýere gizläp eňdik deňize tarap.

26

27. Suwa düşensoň içimizem ajykdy.

27

Fotoapparaty restorandaky ofisianta berdim. 5-6 gezek düşürtdim surady, hemmesi bulaşyk çykdy. Düşüren wagty kamerany titredýär.

28. Nahar iýip bolansoň gezenelje dowam.

28

Ýok, bul gezelenç däl. Bul ýene Aman. Daňdan çykyp barýarkak Kemal ikimiz ýeňil geýinip gaýtdyk, Aman bolsa resmi eşiklerini geýipdir. Vung Tau baransoň “Deňize girýäsmi näme?” diýip sorap ýördi.

29. Ýene deňiz çykdy garşymyza.

29

30. Öýländen soň suwa düşýän çagalar.

30

31.

31

32. Deňiziň ýanynda biraz dynç alaly diýip oturdyk.

32

33. Wýetnamda Kommunizm.

33

Orak-çekiç görenden çagalygym ýadyma düşip gitdi. 1-nji maý hem ýakyn. Şäherler taýynlyk görýärler.

34. Oturan ýerimizden çep tarapa seredenimizde dagyň depesine gidýän kabinkalary gördik. Ýakynragyna baraly diýip ýene ýola çykdyk.

34-001

35. Ýakynlaşdyk…

35

36. Ahyry ýerini tapdyk. Türk dilinde “teleferik”, orsçasy “канатная дорожка”. Türkmençesi näme bolýa?

36

Aman bolsa meni düşir diýýär.

37. Edil gapdalynda türk doňdurmaçysy bar ekeni, Alibaba.

37

Yzymyza gaýdyşyn baryp doňdurmasyndan dadyp görers diýip ýola dowam etdik.

38. Wýetnam bütin dünýä granit satýar. Biziň Türkmenistandaky gurluşyk firmalary hem bärden alýarlar graniti.

38

Pyýada ýodajygy ýalpyldap duran granitden.

39. Deňiziň kenarynda maýak bolmasa bolmaz.

39

40. Fransuz koloniýasyndan başga bir galyndy, Hezreti Merýemiň heýkeli.

40

41. Bu bolsa, Aman.

41

42. Şäherden ýene birnäçe pursat

42

43.

43

44. Yzymyza gaýdyşyn şol gören doňdurmaça bardyk. Aman özüne klubnikalysyny aldy.

44

45. Men plombir soradym, ýok ekeni. Kokos süýdinden edileni bar diýdiler. Gapdalyna durýanlysyny hem goşup aldym.

45

Doňdurmaçy Ali usta 8 ýyldan bäri Wýetnamda ýaşaýan ekeni. Öýe gelenimde suratlaryň içinden Ali ustanyň suratyny tapjak boldym, ýok ekeni. Doňdurmany görüp surat ýadymdan çykan bolmaly.

46. Wagtymyz az galypdy. 16:30-daky gämä ýetişmeli we motorlary tabşyrmalydy.

46

47. Meteor bize garaşýardy.

47

48. Vung Tau

48

49. Hoş gal…

49

Gaýdyş ýolumyzda ýene birnäçe surat düşürdim. Olary nesip bolsa başga bir mowzukda paýlaşaryn.

3 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *