Me öz kärim barada kän bir maglumat berýän biri däl. Esasanam bu ýerde öz syýahatlarymy we synlarym barada paýlaşýan. Ýöne, düýnki wakany paýlaşmasam bolanok.
Birnäçe ýyldan bäri halkara mekdeplerde mugallymçylyk edýän. Aslynda girýän derslerim matematika. Ýöne iňlis dili sapaklary hem berýän. Ine şol maksat bilen geçen hepde Wýetnama geldim. Bärde işleşýän gurama döwlet mekdepleri bilen şertnamalaýyn şol mekdeplere iňlis dili mugallym iberýär. Aslynda olaryň öz mugallymlary bar, ýöne gürleýiş/gepleşik ukyplylyklaryny artdyrmak üçin daşary ýurtly mugallym çagyrýalar heptede bir sapak okatmak üçin.
Edilmeli zat aňsat aslynda; sapaga girýäň, birnäçe çäre geçirýäň synpyň içinde we 35 minut wagtyň geçýär. Ýöne…
Bir synpda 40-50 okuwçy bar. Çagalaram 7-8 ýaşlarynda we kän bir daşary ýurtly görmedikler. Synpa girensoň nirä düşenimi bilmän galdym. Çagalaryň gygyryşy, ylgap gelip meni (daşary ýurtly) elläp başlamalary… Öňümden, yzymdan… Çagalara oturyň diýenimiň peýdasy ýok. Sebäbi sesiňi eşidenoklar.
Öňler “Hababam sinifi” atly türk filmini görerdik. Bet çagalaryň okaýan synpyna gelen mugallymlaryň ýagdaýyna gülerdik. Indi bolsa öz başyma geldi. Hakykatdanam näme etjegiňi bileňok.
Ömrümde hiç beýle ýagdaýa düşmändim. Indi oturyp bir plan düzmeli, nädip bu çagalara sapak geçip boljak barada.
Bayram aga, 1-2 sapak girip yone otur, ellap, synlap, gygyryp doysunlar, son bolsa sapaga baslarsyn )))
aý, eýdip oturar ýaly dälleý…
özümiň ilkinji dersim ýadyma düşýär… 2 sapak derse girmelidim.. gijeläp ýärman taýynlandym… derse girensoň hemme zady 45 minutda geçipdirin… indiki 45 minut näme etjegimi bilmän gara der boldym…
Şükür et. Sen Günorta Sudan döwletinde mugallymçylyk eden bolsaň näme etjek. Aşakdaky linke girip gör ol ýerdäki okuwçylaryň ýagdaýyny http://fishki.net/comment.php?id=135208
Ilýa Warlamowyň blogyny yzarlaýan. Aslynda syýahat blogyny başlatmagymyň esasy sebäpkärlerinden diýseň boljak. Beýlekileri Sergeý Dolýa we Artemiý Lebedew.
Bayram mugallym ilki bilen ustunlik arzuw edyan we aydanlaryna shayat hokmunde surat hem goysan gowy bolardy..
[…] mowzugymda Wýetnamda başyma gelen bir tejribäni paýlaşypdym. We käbir tanyşlarymyň islegi boýuça şol meselä çözgütleri […]