Ýakynda giden ýerlerim baradaky sahypamy täzeledim. Şonda iň aşagynda hem kiçiräk statistika ýazdym. Jemi 7 ýurtda we şol ýurtlardaky 41 sany ýerleşik ýere gidipdirin. Ýerleşik ýer diýlende şäher, şäherçe ýa-da etrap ýazylandyr.

Bul ýerde bolsa gitmek isleýän ýerlerim barada gysgaja maglumaty paýlaşaýyn.

Moskwa

Türkmenistanda daşary ýurda gidenleriň belki-de deň ýarysynyň bolan ýeri. Üýtgeşik bir ýer däldirem belki, Moskwa barada telewizordan we internetden artykmajy bilen habardar. Ýöne kiçilikden galan arzuwym. Maşgalamyzda menden başga hemmesiniň bolan ýeri, iň bolmanda tranzit geçen ýeri. Menem yzda galmaly däl.

Dubai

Hawa, Moskwa gidenler eger deň ýarysy bolsa Dubaýa gidenler 75% barabardyr. Dubaýa diňe biziňkileriň köp gidýän ýeri bolany üçin gidesim gelýär.

Singapur

Günorta-Gündogar Aziýada işlän/ýaşan döwrümde Singapur barada köp zat eşitdim. Ýöne gitmek nesip bolmady. Gitmek isleýän ýerlerimden biri.

Hytaý

Günorta-Gündogar Aziýada bolan wagtlarym gyzyklanma dörän başga ýer hem Hytaý. Internetde we telewizorlarda syýahat programmalarda Hytaý barada kän zat gördim. Indi bolsa gözüm bilen göresim gelýär. Esasanam deňizýaka şäherlerinde syýahat edesim gelýär.

Türkmenistan Ekspedisiýa

Geçen ýyl kelläme bir pikir gelipdi, Türkmenistanda maşynlar bilen syýahat/ekspedisiýa. Aprel-Maý aýlarynda 2 hepdä golaý wagtda ýurdumyzyň iň gyzykly ýerlerini gezip görmek. Ýöne munyň üçin bir komanda düzmek gerek we biziň çöl şertlerimizde ýöräp biljek iň azyndan iki sany maşyn gerek. Meniň maşynym şäherde zordan ýör =). Gyzyklanýanlar bar bolsa habarlaşybermeli.

Bul sanaw elbetde wagtyň geçmegi bilen doldurylar. Häzirlikçe eden syýahatlarym Aziýa kontinentinde. Beýleki kontinentlere hem syýahat etmeli.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *