Smartphone (akylly telefon) ulanyjylaryň dykgatyna. Samsung kompaniýasynyň ARM tehnologiýasy ulanylyp çykaran Exynos 4 mikroprosessorlarynda, has anygy Exynos 4210 we Exynos 4212 modellerinde açyklyk tapyldy. Bul açyklyk telefonlar ýa-da planşetler üçin zyýanly bolup biljek açyklyk.

Bul habar Android sistemasynda işleýän programmistleriň forumy bolan XDA-developers.com ulgamyndan bir ullanyjy tarapyndan yglan edildi.

Bul mikroprosessor esasanam Samsung Galaxy S II, S III, Note II modellerinde ulanylan. Ýöne ony beýleki smartphone öndürijilerden käbirleri hem öz enjamlary üçin ulandylar (mysal üçin Meizu MX). Diýmek bul diňe Samsung önümleri üçin dälde beýleki önümlere hem degişli bolýar.

Ol açyklyk arkaly dürli programmalar telefonlarda özüne “root”, ýagny administrator, haklaryny alyp telefonlardan islän informasiýany alyp bilýärler. Hatda telefony halk arasyndaky aýdylyşy ýaly “kerpije” öwürip bilerler, ýagny telefonyňyzy dolulygyna pozup bilerler.

Bilermenleriň aýtmagyna görä bul açyklyk telefonlardaky kameralar üçin gereklidigi aýdylýar.

Telefonyňyzy nädip barlap bilersiňiz.

  • Ilki bilen Google Play Store girip Android Terminal Emulator programmasyny gurýaňyz.
  • Şol programmadan şul kody girýäňiz

ls -l /dev/exynos-mem

    • Eger-de sizde Exynos ýok bolsa onda “No such file or directory” diýer. Siziň gorkmagyňyza gerek ýok.
    • Eger bar bolsa onda “crw-rw-rw-” ýazar. Bulam diýmek siziň enjam “ýalaňaç”. Asyl bolmalysy “crw-rw—-” ýa-da “crw——-“

Eger siziň enjamda Exynos 4 ulanylan bolsa onda habarlary yzarlamagyňyzy we telefon öndürijileriň şol açyklygy ýapmalaryny garaşmagyňyz maslahat edilýär.

Meniň ulanýan Galaxy Tab 10.1 enjamymda nVidia Tegra mikroprosessor ulanylan, ýöne doganymyň ulanýan S II modelde bolsa Exynos bar we olam “ýalaňaç”.

P.S.

Bul mowzukda habrahabr.ru ulgamyndaky degişli habarlardan gerekli ýerinden terjime edilip alyndy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *