Bilşiňiz ýaly Aşgabatda dünden bäri gar ýagyp durdy. Menem bul pursat elimden gitmesin diýip näçe wagtlap ulanylman duran Canonymy elime aldymda daşary çykdym.

Ilki çykanymda ýagýan gar ýerde durman eräp durdy. Ýagýan gary öň hiç düşürip görmänsoň nädip düşürjegimi hem bilmedim. Birnäçe surat barlap gördim, bolmady. Iň gowusy şul boldy.

01

Soň işlerim bilen boldym we soňyrak ýene düşürern diýip içerä girdim. Işe başlansoň hemme zady ýatdan çykarypdyryn. Täzeden çykanymda eýýam garaňky düşüpdir. Ýöne ýerde gar ýygnalyp başlapdyr.

02

03

04

Ertesi gün ir bilen daşara çykdym we ýene birnäçe surat aldym.

05

06

07

Aralarda gün hem göründi.

08

09

10

11

Bul gyş meniň iki ýyl aradan soň ilkinji gyşym, we Aşgabatda geçirýän ilkinji gyşym. Surat aljak diýip biraz aýlandym we üşäp öýe barýarkam bir pişigiň özüne ýyly ýer tapyp şol ýerde oturanyny gördüm.

12

Gar ýaganda ýollarda seresaplylyk bilen ýöremeli bolýarys. Esasanam mermeriň üstüne gar ýagan bolsa şol gaty howply. Ýöräniňizde eliňizi jübiňizden çykaryp geziň. Birden ýykylsaňyz, hudaý saklasyn, eliňiz döwülip biler.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *