2012-nji ýylyň tamamlanmasyna az wagt galdy. Geçen ýyl 2011-nji ýylyň jemlemesini hem edipdim. Indi geldi 2012-njy ýylyň jemine.

overview

 

2012-nji ýylda umuman 2104 gezek saýtyma girilipdir. Olardan 1602 sany unikal giriş bar. Bul sany 12 aýa bölenimizde her aý ortaça 175.3 gezek bolýar we 133.5 unikal giriş bolýar. Geçen ýylky bilen deňeşidrilende unikal giriş 2 esse dagy köpelen. Ýöne bir gezek gelen myhmanlaryň gaýtadan gelme statistikasynda gaty peselme bar. Geçen ýylky 41,15% garşylyk bu ýyl bary ýogy 25,90%. Diýmek her 4 myhmandan 3-si gaýdyp gelmändir blogyma.

Bellik: Suratlara syçanjyk bilen basanyňyzda täze sahypada suraty doly ölçegde görüp bilersiňiz.

flow

 

Gelen myhmanlaryň 787-si Google daýynyň kömegi bilen gelipdirler, 559-y bolsa göniden adrese gelenler. “Trafik” çeşmeleri sanawynda üçünji orny 131 myhman bilen ertir.com eýelän, 4 we 5-nji orunlary bolsa 118 we 117 myhman bilen bayjan.com we bayramjm.com gelýärler.

Ortaça 2100 myhmandan 1190-y ilkinji gelen sahypadan soň çykýarlar. Başga sahypalara dowam edenleriň sany 905. Diýmek gelen myhmanlaryň ortaça 43%, ýa-da her 5 adamdan 2-si saýtdaky beýleki ýerlere aýlanmana dowam edýärler. Bul san geçen ýyl 30% golaýdy.

search

 

Gözleg enjamlarynyň arasynda bul ýakynda Google öz ornuny berjege meňzänok. Bul statistikanyň geçen ýylkydan tapawudy Mail.ru gözleginň üçünji orny eýelemesi.

keyword

 

Gözleg sözleriniň ilkinji 20-ligi. Görşüňiz ýaly esasan myhmanlar ertir.com-y gözläp meniň saýtyma gelýän ekeniler. Surat gözläp gelýänler hem bar, hatda “turkmen gyzlar surat” diýip gözlänlerem meniň saýtyma geläýipdirler. Öňüräk “owadan gyzlar” barada mowzuk hem ýazypdym.

map

 

Geçen ýylky 44 ýurda garşylyk bu ýyl 60 ýurtdan girilipdir saýtyma. Ýurtlaryň sanawynda ilkinji onlyk aşakdaky ýalydyr:

country

 

Bul ýerde belläp geçmeli zat (not set), ýagny kesgitlenilmedik, diýýän ýurt hem aslynda Türkmenistandyr. Eger-de Opera Mini browserdan girýän bolsaňyz girilýän ýurdy görkezilenok.

Browser diýlende aşakdaky suratda ulanylan browserlar we operasion sistemalary görkezýan tablisa:

browser os

 

Iň köp ulanylýan browser Google Chrome, we iň ýaýran operasion sistema Windows.

Sabyr edip soňuna çenli okanyňyz üçin sagboluň.

Hemmäňiziň täze ýylyňyz gutly bolsyn!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *