Ýakynda, meniň üçin gaty üýtgeşik bolan bir ýere gitdim. Lebap welaýatynda Mukry şäherçesi. Ýerleşýän ýeri barada aýdanda haýsy etraba degişlidigini bilip bilmedim. Amyderýanyň boýunda, derýanyň beýleki kenarynda bolsa Owganystan bilen araçäkde.

Ol ýere barmak üçin Türkmenabat şäherindäki “Dünýä Bazar” ady bilen bilinýän uly bazara barmaly we şol ýerde Atamyrada (Kerki) gidýän taksiler bilen gidilýär. Eger meniň ýaly şowly bolsaňyz onda Mukra gitjek başga-da adam tapylsa şol ýerden gidäýmeli. Bolmasa Kerkiçi ulaglaryna münip soň aňyrdan başga maşyn bilen gitmeli bolarsyňyz.

1. Dünýä Bazar

Atamyrat şäherine çenli ýol gowy geçdi. Çep tarapymda obalar, sagymda bolsa çöl. Ýolyň näme üçin şeýle ýerden geçirilendigini düşünmedim. Meniň niýetim ýoldaky ýerleşik ýerlerinden birnäçe pursat paýlaşmakdy. Ýöne paýlaşara kän zat ýok ekeni.

2. Köseguýy, Halaç etraby

Atamyratdan Kerkiçä tampon köpriden geçmeli. Täze demir ýol köprüsi owadan bolup dur. Edil şonyň gapdalynda täze awto ulag köprüsi gurulýar. Köpriniň soňky bir bölegi hem ornaşdyrylsa üstünde ýol, asfalt düşemek işlerini başlanybermeli. Garaşsyzlyk günine ýetiştiriljege meňzeýär.

3. Köpri

4.

5.

6.

7.

8.

Derýanyň aňyrsyna geçensoň ýadawlyk bastyrdy, we fotoapparatymy ýygnadym. Häzir suratlara seredýän welin, käşke birnäçe surat bolsady diýýän. Birnäçe owadan ýerler bardy.

Şeýlelik bilen 5 sagatlyk ýolyň soňunda Mukra ýetip bardyk.

Mukryda bolsa…

9. Suwa düşýänler bar

10. Otagdan gelýänler

11. Motorly gelýänlerem bar

12. Ot daşaýanlar

13. Dynç alýanlar

14. Sygyrlar hem bar…

15. Atlaram

16. Laýli bar

17. Wa Mažnun hem tapyldy

 

18. Jaýlaryň nomerleri el bilen ýazylan

19. Dagy bar

20. Derýasy bar

21.

22. Arygy bar

23.

24. Demir ýoly hem bar. Türkmenabatdan Atamyrada çenli ýolagçy otlylary gatnaýar, ýöne Köýtendaga tarap gaýdýan gatnawlar ýok. Duşanbe-Moskswa ýolagçy otlylary hem gündelik Mukrydan geçýär.

25. Saz çalýany bar

26. Wideo düşürýäni

27. Surata alýanlaram tapylar

28.

29. Öýlenýänler

30. Toý edýänler

31. Gelin görmek üçin ýola çykanlar

32.

33. Salam berýänler

34.

35. Nahar bişirýänler

36. Aglaýanlar

37. Begenýänler

38. Işi hem ýoklar

39. Tans edýänler

40. Uklaýanlar

41. Aý tans edýän kändä

42. Süýji iýýänler

43. Bir birini soýýänler

44. Ot ýakýanlar

45. Toýyň ertesi güni tamdyrlama bişirýänler

46. Ony iýýänler hem tapylar elbet

Mukryda Amyderýanyň kenaryna baranyňyzda Owganystan görünýär. Ýaşaýanlaryň aýtmagyna görä urş döwründe amerikan dikuçarlary görünýämiş we partlamalaryň sesi gelýämiş. Hatda şul aşakdaky suratda görünýän dagdaky partlamalary gözleri bilen görenler hem bar.

47. Owganystandaky dag

Garaz şeýlelik bilen meniň Mukry syýahatym gutardy. Toýdan soň, yzymyza, Türkmenabada tarap şol bir ýoldan gaýtdyk. Ýadawlykdan ýaňa surat düşürmek ýadyma düşmedi… Indiki gezek nesip bolsa…

Türkmenistanda diňe Lebap welaýatynda bolup görmändim. Indi barmadyk welaýatym galmady.

4 Comments

  • Janibay

    Salam Bayram, Mukra name ish bilen baryptyn? shoncha baryp koytendaga barmadynmy? men sheyle govy goryan ashgabatdan koytendaga mashynda gitmane, yol govy ya erbet bolsyn tapavydy yok. Han-howuza we Koseguya hokman degip gechyan.

  • Suratlary görüp Kerki yadyma düshdi!!! Mukry! Suratlary gaty hakyky hem ustunlikli bolupdyr, hich hili yasamalyk yok… Sheydip suratkeshlige de, blogchylyga da goshant goshupsynyz , sagbolung, howri kop bolsun!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *