Suratlara dowam…

Orsça “чёрно-белый”, iňlis dilinde “white and black”, türkçe “siyah beyaz” suratlar. Türkmençesi näme bolýarka? Gara-Akmy ýa-da Ak-Gara? Dilimiň dogry gelişi ýaly diýenimde ak-gara diýesim gelýär. Ýöne belki-de dogrysy gara-akdyr… Garaz men bir karara gelýänçäm siz suraty görüberiň.

Suraty görensoň ikinji mesele gelýär. “Silhuette” sözüniň türkmençesi näme bolýar?

upd: Aşakdaky teswirleriň içinde bir dostumyz “Silhuette” sözi bizde “Sudur” bolýandygyny belledi. Mowzugyň adyna hem üýtgeşmeler girizildi.

4 Comments

  • Agam, ol gyz kim? Kim bolsa-da salam aýdyň. Arkasyndan görübem, şol gyzyň häsiýetini aňan ýaly boldum. Ýagny suraty şol gyzyň duýgusy bilen düşüripsiňiz. :) Göni ýürege urýar. :)))

    • ol gyz maňa seredip durdy… ýöne garaňky bolany üçin ýüzi görünenok… salam aýdardym welin ýaşy gaty kiçi… gelişiksiz bolar…

  • bayram blogun cozyar, siluet sozune turkmence “sudur” diysek bolarmy. mysalda Gitdigiçe goýalyşýan garaňkyda gyr atyň sudury göründi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *