Elim degenok… Ýaltanýan…

Başga-da birnäçe bahana bar aslynda. Kiçijek syýahatymyň dowamyny ýazjakdygyma söz beripdim. Bolanok, elim degenok… Ýöne arada bir gyzyklyja zatlar paýlaşasym hem gelýär. Hepdelik suratlar hem dowam edip dur…

Dynç güni, ýa-da Daşoguzda aýdylşy ýaly “bazar” güni, adyna laýyk geçirmek maksady bilen “shopping” ýollaryna düşdim. Söwdadan elim boş gaýtdym, maňa bolar ýaly egin-eşik tapmak uly mesele bärde.

Bir dükandan ikinjisine ýöräp barýarkam şul ýaşulyny gördim:

Daş töweregime seretsem beýlekiler hem bärde ekeni:

“Wah!” diýdim, “Fotoapparatyň gerek ýeri.” Bir ýarym kilogram fotoapparaty ýanyma almandym. Elimde bar bolan ýekeje enjam bolan Galaxy Tab bilen oňmaly boldym.

Soň yzyma öwrülende şuny gördim:

Biraz yza çekilenimde bolsa kän gorkunç zadam däl ekeni:

Mýanmarda “Tik” diýilýän agaç bar. Ýurdyň baýlygy. Tik agajy gaty we suwda çüýremeýänligi sebäpli bahasy gaty gymmat. Her gün iş ýerimiň öňünden uly maşynlar bilen gatnaýarlar deňiz portyna. Mýanmaryň belki-de tüwiden soň ikinji eksport harydy. Doly maglumat üçin iňlis we ors dilinde wikipediýalar, birem türk dilinde “turşy sözlük“.

Duş gelen ýerim tik agajy ussahanasy ekeni. Uly ýolyň gyrasynda kiçijek sergi hem edilen. Ýagyşyň tik agajyna täsiri bolmanlygy sebäpli daşarda hem goýsa bolýar.

Gapdalyndaky uly binanyň aşagynda awtoduralga hem satlyk önümler bilen doldurylan:

Içinde peýdaly zatlar hem bar:

Käbir heýkelleri tozan basypdyr:

Howlusynda hem birnäçe eksponat goýulan:

Duralganyň törüne geçenimde kiçijek ussahana we arheologik muzeý bar ekeni:

Ussahanany surata düşürmegime rugsat bermediler.

Tik agajy çüýremeýänligi sebäpli uzyn ýyllap durýar. Hatda köp duranlygy üçin soňlugy bilen daşa öwrülýär. Hakykatdanam elime alanymda daşdan tapawudy ýok, ýöne esas agajyň strukturasyny görseň bolýar:

Orsça “жад” ýa-da “нефрит” diýilýan Jeýd kristallary hem bardy:

Meniň gyzygymy çeken zat bolsa piliň ýa-da mamontyň dişleri we aýgynyň süňki boldy:

Şol aralykda biri çykyp geldi, akylly akylly bolup maňa daş töweregimdäkileri düşündirip başlady. Ýaňky dişi görkezip näçe ýyllykdygyny soranymda “2 million!” diýip jogap berdi. Bahasyny soranymda zat diýip bilmedi.

Menem gerekli zat tapmansoň dowam etdim. Daşary çykanymda ýene bir gowja zat gözüme ildi:

Ýakyndan seredeniňde meniň gaýtalanýan nagyşlar seriýama laýyk bir surat boldy:

Jemi 31 sany surat düşüripdirin baranymda. Hemmesini göresiňiz gelse şul albomdan görüp bilersiňiz.

P.S.

Kiçijek syýahatymyň dowamyny martyň 10-larynda ýazjak.

3 Comments

  • Enesh

    Piljagazlardan başgasy birtopar urrrod! Oturgyçlaram biderek “bezäpdirler”. Kristaldan bejerilen bir zatjyklara islärdim yöne )

    • bular agajyň köküniň ýanyndaky töňňeler… agaçlary satanlarynda diňe esas göwresini satýarlar… soňam galan ýerinden görüşiň ýaly sungat döredýärler…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *