Sekizýüz müň amerikan manadyny kimiň eline alasy gelmez? Jogap: Meniň!

Maňa ýaňyja bir elektron hat (e-mail) geldi. Içinde bir haty surata öwürip hat bilen goşup iberipdirler. (Belki-de şeýdip spam filterini geçendirler) Suraty alyp içindäki haty okanymda “you have won $800,000.00 (EIGHT HUNDRED THOUSAND UNITED STATES DOLLAR)” diýýän bir hat çykdy.

Haty dolulygyna okasyňyz gelýän bolsa ine

 

Elbetde, bul bir aldaw! We bul aldawa düşmemek biziň öz elimizde. Orslaryň bir gowja sözi bar: “Бесплатный сыр, только в мышеловке.” diýýän.

Sistemanyň işleýişi şeýleräk bolýar. Ilki bilen hemmä hat ugradýarlar. Arasynda 2-3 adam (esasan ýaşy uly, ýeke ýaşaýanlar) hakykatdan hem lottereýada uly mukdarda pul utandyklaryna ynanyp hatlaryň içinde ýazylan telefon nomerlerine jaň edýärler. Beýlede bolsa ökde psihologlar ilki birnäçe sorag berip, adamyň sesini diňläp we ýagdaýa laýyk birnäçe şertleri aýdýarlar. Şertler näme bolsa-da ahyrynda kommissiýa, ýa-da başga ýygymlar ady bilen şol biziň ynanan adamlardan 500 dollardan başlap 2-3 müň dollara çenli puly bir bank hasabyna geçirmelerini haýyş edýärler. Puly geçirensoň size söz berilen birnäçe ýüz müň manady garaşyp oturybermeli. Wessalam…

Kanada lottereýa guramasynyň resmi web sahypasynda şeýle diýýär:

Lottery Canada does not hold drawings or award lottery prizes. Illegal scam artists claiming to be affiliated with LotteryCanada are circulating letters claiming to award large values in prize money. Fraudulent checks are also being circulated with these letters. THIS IS A SCAM! Do not send them any money or personal information. Contact us directly if you require further information.

You can’t win if you didn’t buy a ticket!

Ýagny, lottereýa biletini satyn almadyk bolsaňyz ýeňiş hem ýok diýýär.

Kanada lottereýasy aldawy barada birnäçe maglumat: (iňlis dilinde)

http://www.bbc.co.uk/insideout/south/series7/lottery_scam.shtml

http://www.crimes-of-persuasion.com/Crimes/Telemarketing/Outbound/Major/lotteries.htm

Özüňize dykgat ediň…

7 Comments

  • 2007-nji ýylda, institutymyzyň internet fafesinde otyrkam, şeýle hat gelipdi. Baý begenipdimä şonda, özüm ynanyp, begenjime mugallymlara aýtdym welin, olaram maňa ynanypdyrlar. Soň türkýede okap gelen mugallym bar eken. Ol maňa ajy hakykaty düşündirdi. Internet dünýäsinde ilkinji gezek ýüregimi ýaralapdym. :)

    Şu wagt gmail ulanýan welin, spam gelenok tüweleme. Spam hatlar nähilidigide ýatdan çykyp gidipdir.

  • Nazar

    LOL. Men dagy 2006da birinji gezek Türkiýa çykamda (daşarýurda birinji gezek çykyşymdy) Internede giripdim. Tapan saýdyma girişdirip ýördim. Onnoň bu saýtlaň birinde You are our 1 000 000’s user, You win a price of palança USD. diýip alert çykdy. Menem begenip gitdim, ýanymda oturan bir türkmen oglana görkezdim. Ol oglan eýýäm ep-esli wagt Türkiýede okaýany üçin maňa ýalandygyny düşündirdi. Içimden geçen piikir: “Beýlede gabanjan bolmaly däl… X((” Şumat ýada salyp gülkim tutýa :) Ýöne bular kän gorkunç däl, beýleki phishing cites bar, özüni facebook, gmail ýaly serwislere meňzedip adamlaň parolyny ogurlap ýörenler. Şoň üçin hemişe baýsan linkiniň adresine seretmeli.

    • meniň esasay haýran galan zadym gmailiň spam filteriniň bul haty tutyp bilmeýişi… öňüräk hem green card barada bir mail gelipdi… ýöne onda gowy tarapy men green carda apply etmändim… we maňa hat gelmezden edil öňünden bir ýerlerde şeýle aldaw bardygy barada okapdym…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *