Hytaýlylaryň täze ýyly mynasybetli berilen goşmaça dynç günini boş geçirmek bize gelişmez pikri bilen kiçiräk bolsa-da bir syýahata çykaly diýip düşdik ýollara.

Syýahat kiçijek diýilenine kän üns bermän elimden geldigiçe köp surat aldym. Jemi 700-den hem kän surat bolupdyr. Şeýlelik bilen syýahaty 3 bölümde siziň bilen paýlaşmany makul bildim.

Duýduryş: Suratlary ortaça 100 km/sagat tizliginde giden awtobusta alanym üçin edil isleiýişim ýaly bolmady. Eger kemçilikler bar bolsa (suratlarda) hoş göriň.

Syýahat Ýangon şäherinden başlap Kyaikhto (Jaito) şäheriniň etekleriniň ýakynlaryna çenli boldy.

1. Ýola çykan wagtymyz häli meýdan ýagtylanmandy.

2. Ekwatora ýakyn bolanymyz üçin irden derrewjik ýagty bolýar.

3.

4. Ýangondan aeroporta tarap gidýän ýol.

5. Sagat 7 töweregi, adamlar bir ýerlere howlugýarlar. Gyş pasly bärde howa kän salkyn bolanok (20 gradus töweregi), ýöne ýerli halk şonda-da çydap bilenoklar.

6. Kän wagt geçmän tölegli ýola girýäris. Şul tölegli ýollary bizde hem girizilse gowy bolardy.

7. Irden howa ümürli.

8. Sport! Sagdyn ýaşamanyň ýoly!

9. Ýolda ýaşaýyş jaýlara hem duşsaň bolýar.

10. Beýleki ýurtlarda tölegli ýollary zabor bilen ýapýarlar. Bu ýerde bolsa adamlaryň öýleri edil ýolyň gyrasynda.

11. Umumy gatnaw serişdesi.

12. Tölegli ýol.

13. Ýolda bir ýerde ertirlik edinmek üçin durdyk. Menem fotoapparatymy alyp derrew obanyň içine eňdim surata düşürmek üçin. Ýöne bir güjük öňümi kesdi, geçirmedi. Ýogsam has aňyraklarda edil National Geographic žurnalynyň baş sahypasyna çykaýjak suratlar çekse bolardy.

14. Ertirlik edinen ýerimiziň nahar bişirilýän ýeri.

15.

16.

17. Birmalylaryň süýtli gara çaýy bar. Daşoguzdaky gazaklaryň “kara şaý”-laryna meňzeş, ýöne içine süýdiň niýetine “Сгущенное Молоко” goşýarlar. Men molokon diňe oňki SSSR ýurtlarynda bardyr öýdýärdim. Çaýyň ady “lapei”.

18. Türkiýede okaýan döwrümizde türkler 2-3 aý öňünden sargaýan zady bärde islän ýeriňde tapylýar. (Suratda: sag aşakdy çünkde)

19. Biziň çaýymyzy getiren ofisiantkany hem surata alaly.

20. We ýola dowam. Suratda daşyrakda tölegli ýolyň kassalary görünýar. Bago şäherine ýakynlaşdyk, şäheriň içinde ýollar mugt.

21. Aziýa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly görüp biläýjek zatlaryňyz.

22. Kiçiräjik motor bilen ýük gatnatma.

23. Bago şäher merkezi.

24. Sagat diňi hem bar.

25. Äpet bir ybadathana. (Ýakyndan suratyny alyp bilmedim, öňümize bir köneje ulag geçip ähli niýetlerimi puja çykardy)

26. Bagonyň köçeleri.

27. We ýola dowam. Bagodan soň täzeje asfalt ýollardan gitdik. 70-80 km ýolda diňe 50-60 metrlik bir ýerde kemçilikler duýdym. Galan wagty edil ýag çalynan ýaly gaýyp gitdik.

28. Daş töweregimde hiç boş ýatan ýer görmedim. Hemme ýerde ekin ekilen, ýa-da emeli tokaýlar bar.

29. Ekzotika.

30. Ilatly nokat.

31. Şaly. Birma birwagtlar tüwi eksportynda 1-nji orny eýeleýän ýurt.

32. Ýol tölegleri.

33. We ýene ekzotika.

34. Daýhanlaryň ýaşaýan ýeri.

35. Demir ýol.

36. Daýhanlar.

37. Ördekler.

38. Derýa.

39. Samanyň üstündäki adamyň eşiklerini we asfalt ýoly hasaba almasaň XVII asyrda ýaşaýan daýhan.

40. Ýöne birazyrak ýoldan soň modernizasiýa yzlary görünýär.

41. Owadan agaçlar.

42. Köpri we umumy gatnaw serişdesi. Şol serişde 10 minutdan köp öňümizde gitdi, suratlarymyň birnäçesini zaýalady.

43. Köpriden geçensoň birden daglyk ýere geldik. Şaly atyzlary yzda galdy. Ýöne şol agzalan ulag henizem öňümizde.

44. Ulagy geçensoň öňümde çykan peýzaž.

Dowamy bar…

Notice: compact(): Undefined variable: limits in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/class-wp-comment-query.php on line 821

Notice: compact(): Undefined variable: groupby in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/class-wp-comment-query.php on line 821

Warning: count(): Parameter must be an array or an object that implements Countable in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/class-wp-comment-query.php on line 399

7 Comments

  • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

    Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
    Nihat

    O nähili tol bolýaraý, hemme zat aýlanyp ýör. Bärdäki tollara maşyndan başga zat girenok. Hemem ol ýeriň ilaty näçe? Ýollarda probka ýok eken…

    • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

      Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
      Bayram TM

      Toll barada ýazypdym. Bu ýeriň boluşy şeýle…

      Ýurdyň ilaty 60 million töweregi, Ýangon bolsa 6 million. Probka görjek bolsaň meniň III bölümime garaş…

      • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

        Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
        Nihat

        Aýtjak bolýanym millet tolla arkaýynrak sürjek bolup girýädä, ol ýerde-de aýagyňa motormydyr, welosipedmidir çolaşyp ýörse däldä.

  • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

    Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
    gafur

    salam

    bayramjan beter owadan suratlar biribirindenem owadan.

    tuweleme isinde ustunlik

    • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

      Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
      Enesh

      esasan tebigatyň suratlary owadan bolupdyr

  • […] 292012  Elim degenok… Ýaltanýan…Başga-da birnäçe bahana bar aslynda. Kiçijek syýahatymyň dowamyny ýazjakdygyma söz beripdim. Bolanok, elim degenok… Ýöne arada bir gyzyklyja […]

  • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

    Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
    Enesh

    gara çaýdan doýupsynda onda … )

Leave a Reply to Nihat
Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
Cancel reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *