2011-i hem geçirdik nesibesi bilen. BaýramTM blogy barada gysgaça hasabat bilen 2011-nji ýyly jemläsim geldi.

Asyl saýt açma pikrim öňden bäri bardy. Ýöne öňler mugt hosting hyzmatlaryny ulanýadym. Olaram meniň öz islegimdäki ýaly hyzmat berip bilenokdylar. (Mugt zatdan başga näme garaşjak? =) ) Şeýlelik bilen ömri uzak bolar ýaly birem planynsayty.mugtsaytbar.com ýaly adyny ýatda saklap bolmajak birzatlar bolandan ýylda 10$ töweregi bayramtm.com adresi satyn aldym, we saýt Aprel aýynda, has takygy aýyň 22-den 23-e geçýän gije işe başlady.

Agajan hem şol wagtlar öz saýtynda (www.agajanh.com) şahsy blog açyp edýän işleri we pikirlerini paýlaşmakçydy. Soňlugy bilen işleri kän bolansoň goýbolsyn etdi. Agajan 3 proýektini hödürlän bolsa arkasynda 10 sany proýekt hem durandyr. Olaryň heniz wagty gelmänligi sebäpli kän agzalanok, ýa-da ujyndan birzatlar görkezip goýýar. We biz ikimiz statistikada bir birimiz bilen ýaryşjakdyk. Agajanyň saýtynyň hasabatyny bilmedim welin, men siziň bilen öz saýtyma girýänler barada birnäçe maglumat bermekçi…

Ýokarky suratda görünşi ýaly saýtyň açylanyndan bäri jemi 1339 gezek saýta gelinipdir, olaryň arasyndan 798 sany unikal giriş bar.

Bir gezek gelenleriň 42.15% (551 gezek) ýene gaýtadan gelipdir. Onam aýlara ortaça bölenimizde ortaça 69 unikal giriş bolýa aýda.

Gelen myhmanlar yň ýarysyna golaýy (634) göni adresi ýazyp gelipdirler. Esas “trafik” çeşmeleriniň arasynda Google daýy hem öz ornuny alypdyr. Yzy bilen bayjan.com gelýär, ýöne teswirler bilen ertiri goşanymyzda ondan kän trafik gelýär. Galan 328 giriş bolsa beýleki saýtlar we gözleg enjamlardan.

Gyzykly tarapy bolsa iň köp okalan mowzugym barada. Ol Agajan bilen eden söhbetdeşligim bolyp durýar. Teswirler ýapylan wagtlary söhbetdeşlik gurnapdym Agajan bilen.

Gözleg enjamlarynyň arasynda Google-yň yzynda ýetjek beýlekiler ýok ýaly. Ýokarda görünen “bing” gözleg enjamydaky 4 sany jogaby men özüm gözläp barlap görüpdim. Saýtyň açylanyna birnäçe aý geçende hem “bing”-de gözlegde çykmasam uýat bolar diýip öz özümi tapdyryp statistika goşupdym. Türkmenleriň “bing” gözleg enjamyny ulanmaýanlygy aýan boldy.

Google dagy meniň saýtymy Maý aýyna çenli tanamandylar.

Gözleg netijelerinde birinji onlyk…

Gözlegler arasynda gyzyklyja zatlar hem çykýar kämahal. Mysal üçin birileri “kerim amanow” diýip gözledip meniň saýtyma gelipdir. Saýtyň niresinden tapdyka Kerim Amanowy? (asyl mundan beýläk çykar indi 😀 ) Ýa-da diýeli Türkmenistanda maşynlaryň bahalaryny hem meniň saýtymdan gözläpdirler.

Dünýä kartasyndan nirelerden girilendigi görüp bolýar. Giriş sanlary köpeldikçe reň goýulaşýar. Jemi 44 ýurtdan girilipdir.

Ýurtlaryň arasynda 13-nji orunda Braziliýa dur. Braziliýadan kim we näme üçin girýändigini düşünip bilmedim menä…

Şeýlelik bilen 2011-nji ýylyň kiçijek jemlemesi edildi. 2012-nji ýyl üçin täze maksatlar bellemäme kömek etdi bul sanlar.

Soňuna çenli sabyr edip okanyňyz üçin sagbolyň. Hoş galyň!

9 Comments

  • Bah hayran galaymali menin kichijek blogim 3-nji orny alipdir. Yone bu elbetde kan dogry dal sebabi bayjan.com-dan gelen tiklamalarin kopusi menin kichijek web crawlerimden gelyandir. Men kawagt ol "crawler atymyn" jylawyny boshadip goyberyan we olam goni bayjan.com-dan bashlap shol yerdaki web saytlardan beyleki web saytlara olardanam beylekilere ugraya we sheydibem maglumat toplaya. Bu onrak gerek bolupdi turkmen dilindaki harplayiji (speller) uchin. Bu zatlara indi wagtymam yok welin crawler-i shonsuzam ishledyan kawagtlar. Senem bilyansin belki men onem teswirler.com bilen talyplar.com-yn ichindaki maglumatlary almak uchin hem shu crawleri ulanipdim.

  • ýaryşmak bu ýyla nesip etmedi. Nesip bolsa, indiki ýyllar, ýa soňky ýyllar ýaryşdyrarys statistikalary :)

    arasynda aýlanyp durýan, şugünden başlap ýöne rss ulanyp başlamakçy.

  • Salam! Sahypa barada aytsam, ustunlikli, sada, yonekey emma shol wagtyng ozunde gyzykly bolupdyr. Turkmen internedine goshan goshandyngyz ucin sagbolsun, hem minnetdarlyk bildiryarin. Menem arada bir blog sahypa achdym, nesip bolsa osdurmekchi bolyan! Siz öz tejribanizden nahili peydaly maslahatlar berip bilersiniz? http://www.begmurat.wordpress.com, yone menem ozbashyna bir sahypa achmakchy, nameler maslahat berersiniz, sahypa achmak barada! Yene bir gezek sahypa uchin minnetdar hem ustunlik arzuw edyan! Höwri we howry köp bolsun!!!

  • Myrat Jumakulyýew

    Hormatly täzelikçi dost.Alyp barýan işiň bilen gutlaýaryn. Eger haýyş etsem, maňa -da ögredermiň nädip saýt açmalydygyny we munuň ýuridiki esaslaryny? Jogabyňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.Sagbol.

    • Salam Myrat. Ilki bilen gutlaglaryň üçin sagbol.
      Eger internet bilen araň gowy bolsa onda meniň pikrimçe ilki mugt hostinglerde özüňi barlap gör. Öwrenesiň gelýän bolsa ýene-de internette dokumentasiýa doly. Biz hem şeýdip öwrendik. Ýöne ilki bilen terminologiýalaryň nämedigini öwrenmeli. Domain näme, hosting näme, serwer näme. Faýllary tanamaly bolarsyň.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *