Günortagündogar Aziýa ýurtlaryna suýahata çykmak isleseňiz iň gowy wagtlar Dekabr-Ýanwar aýlary. Sebäplerden birnäçesi:

  • Howa beýleki aýlara deňeşdireniňde salkyn, ýöne şonda-da 25 gradusyň aşagyna düşenok. Türkmenistanyň aýazyndan gaçmak isleseňiz.
  • Musson (Ýagmyr) sezony gutardy (Iýun – Oktýabr), we ýagyş ýaganok, diňe güneşli howa. Gyşyň ortasynda natural solariý.
  • Musson sezony gelmän bir-iki aýlap yssy, dymyk we çygly howa bolýar, bularyň diýişi ýaly tomus pasly (Mart – Maý). Ynanyň ol aýlarda hiç zat etmän onuranyňyzda bir litrden köpräk der dökersiňiz. Birtopar pul harj edip geleniň bilen otelden çykman oturasyňyz gelmeýän bolsa şol “tomus” aýlarynda gelmäň.

Ýokarda agzalan sebäpleriň gapdalyna bir ullakan ÝÖNE goýmaly boljak. Dekabryň 20-lerinden başlap Ýanwaryň 10-laryna çenli gelip otyrmaň. Esasanam Täze Ýyl günlerinde hiç gelmäň. Ömrümde görmedik orslary görersiňiz. Nirä gitseňiz şol orslar. Hut Milli Plan bar ýaly Rossiýada, eline birnäçe manat pul geçen orsýetli gönüje Taýlanda geläýýäler how.

P.S.

Orslar diýenimde ýene bir zat bellemeli. Biziň Türkmenhowaýollarynda bilet hem tapmak kyn bolar. Uçaryň 80%-da golaý ors gelýändir tranzit Moskwadan.

2 Comments

  • Sagja bol Baýram aga. Meselem, halkymyz Türkiýe, Kipire ish diýip gatnaýshy ýaly, Taýlanda, Bankoga-da ish diýip baryp bilerlermi? Ýa-da ol ýerde ishçi güýji arzan diýip eshtdim, öz önümçiligiñi gurnamak ýeñil bolarmy?

    • Biziňkiler daşary ýurda işlemäne gidenlerinde dillerini düşünip biläýjek ýurtlara gidýärler. Şonyň üçin GDA ýurtlary ýa-da Türkiýe we Kipr birinji saýlaw bolup durýar. Elbetde arap ýurtlaryna hem gidýänler bar, ýöne olar aňyrda türk firmalarynda işlemäne gidýändikleri üçin iň bolmanynda ýolbaşçylary bilen düşünşip işlerini bitirip bilerler.

      Beýleki ýurtlara gidip bilmek üçin iň birinji mesele dil. Iňlis dilini bilmegiňiz hem kän peýda etmän biler. Taýlandda iňlis dilini bilýän bolsaň diňe turistleriň gidýän ýerlerinde düşünüip bilersiň, galan wagtyň tai dilinde aragatnaşyklar gurnamak gerekli. (Iňlis dilini ýetrlik derejede ulanyp bilýän biri ýönekeý işçi hökmünde bir ýerlere gidendigini kän gömedim aslynda.)

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *