Men özüm barada saýtymyň “Men” diýip duran ýerinde gysgaça maglumar beripdim. Ýöne şondaky maglumatlara birnäçe zat goşmaly boljak.

Soňky döwür meni “teswirler”-de ady belli bolan blogçy Baýram-Jm (gysgaça Jm) bilen garyşdyryp başladylar. Birnäçe gezek meni Jm-dir öýdüp dürli soraglar bilen maňa ýüzlenýärler.

Google Plus-da biri meni Jm-dir öýdip dostluga goşupdyr. Beýlekileri maňa ertir.com ulgamynda şahsy hat ugradýarlar. Ahyry ertirdäki agzalardan biri pikirler bölüminde bir sorag berdi: “chishik bilen Bayram-Jm bir adammy?” – diýip. Şol ýerde birnäçe jogap bilen Jm ikimiz meselä anyklyk getiripdik. Ýöne soň hem şeýle soraglar ýüze çykmaz ýaly Jm bilen özümi deňeşdirip ýazmany synaşjak.

  • Jm Lebaply – men Daşoguzdan. (Aslynda şul hem ikimiz üçin iň uly aýratynlyk hem bolup biler.)
  • Jm bloglarynda arzuwlaryny ýazýar – men synlarymy. (Jm-niň aýtmagyna görä ol “planlary” barada ýazýar.)
  • Jm häzirki döwür Türkmenistanda – men soňky 10 ýylyň diňe 3-ini Türkmenistanda geçirdim.
  • Jm türk dilini düşünenok – men düşünýän =). (Öň birwagtlar blogspot-da türk dilinide blogym bardy.)
  • Adym Baýram bolsa-da internetde kän öz adymy ýazamokdym. Diňe öz saýtymy açansoň ýazyp başladym. Men “chishik” lakamym bilen 2000-nji ýyldan bäri bileje.

Ýokarda sananlarym häzirlikçe meniň öz synlarym. Başga-da aýratynlyklarymyz bar bolsa bilmedim.

Garaz diýjek bolýanym men Bayram-Jm däl.

Goşmaça:

Aslynda iň belli aýratynlygymyzy ýatdan çykarypdyryn.

  • Jm çişik däl – men bolsa çişik.

One Comment

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *