Hemmäňizi ýetip gelen Täze Ýylyňyz bilen gutlaýan!!!

Men geçen hepde blogymda täze bölüm açdym. Mundan beýläk elim degdigiçe hepdede bir surat goýup siziň bilen paýlaşmakçy.

Bu hepdäniň suraty dowamda…

Surat barada birnäçe kelam…

Täze ýyl ýakynlaşany üçin biz hem bir korporatiw märeke geçireli diýdik, bir “Barbecue” (biziň dilimizde mangal ýa-da çişlik) agşamy gurnadyk. Menem şol mangaly surata çekeýin diýip gijeki çekiş ýagdaýyna getirip bastyp knopkasyny. Edil şol wagt biri gelip mangalyň üstünde karton kagyz bilen ýelpäp başlady. Menem suraty zaýalady diýip öýtdim, ýöne 6-7 sekund soň (gije çekiş ýagdaýynda fotoapparatyň obýektiwi birnäçe sekundlap açyk durýar) suraty görenimde “Wow!…” diýenimi bilmän galdym.

3 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *