Syýahat

Günortagündogar Aziýa ýurtlaryna suýahata çykmak isleseňiz iň gowy wagtlar Dekabr-Ýanwar aýlary. Sebäplerden birnäçesi:

  • Howa beýleki aýlara deňeşdireniňde salkyn, ýöne şonda-da 25 gradusyň aşagyna düşenok. Türkmenistanyň aýazyndan gaçmak isleseňiz.
  • Musson (Ýagmyr) sezony gutardy (Iýun – Oktýabr), we ýagyş ýaganok, diňe güneşli howa. Gyşyň ortasynda natural solariý.
  • Musson sezony gelmän bir-iki aýlap yssy, dymyk we çygly howa bolýar, bularyň diýişi ýaly tomus pasly (Mart – Maý). Ynanyň ol aýlarda hiç zat etmän onuranyňyzda bir litrden köpräk der dökersiňiz. Birtopar pul harj edip geleniň bilen otelden çykman oturasyňyz gelmeýän bolsa şol “tomus” aýlarynda gelmäň.

Ýokarda agzalan sebäpleriň gapdalyna bir ullakan ÝÖNE goýmaly boljak. Dekabryň 20-lerinden başlap Ýanwaryň 10-laryna çenli gelip otyrmaň. Esasanam Täze Ýyl günlerinde hiç gelmäň. Ömrümde görmedik orslary görersiňiz. Nirä gitseňiz şol orslar. Hut Milli Plan bar ýaly Rossiýada, eline birnäçe manat pul geçen orsýetli gönüje Taýlanda geläýýäler how.

P.S.

Orslar diýenimde ýene bir zat bellemeli. Biziň Türkmenhowaýollarynda bilet hem tapmak kyn bolar. Uçaryň 80%-da golaý ors gelýändir tranzit Moskwadan.

Surat

Soňky döwürde men suratçylyga höwes edip başladym. Aslynda öňler hem bardy welin, ýöne näme üçindir hiç özüme fotoapparat almandyryn, çykyp köçelerde surata hem düşürmändirin. Şol arzuw edip birtopar wagtymy ýitiripdirin. Häzir bolsa bir ýere çykanymda fotoapparatym ýanymda hemişe (Oka: Bugün köçede görenlerim…).

Tanyşlaryma düşüren suratlarymy görkezenimde köpüsi halaýar. Hatda işte bir kiçiräk “korporatiw” märeke bolanda elime firmanyň fotoapparatyny berip surata düşürmegimi haýyş edýärler köplenç. Öňüräk hem ertir.com-da käbir suratlaryma link berdim, agzalar hem halady.

Menem indi her hepde saýtymda bir surat goýup düşüren suratlarymy beýlekiler bilen paýlaşaýyn diýdim. Ilkinji surat dowamda…

Continue reading →

Men kim? Ýa-da kim däl…

Men özüm barada saýtymyň “Men” diýip duran ýerinde gysgaça maglumar beripdim. Ýöne şondaky maglumatlara birnäçe zat goşmaly boljak.

Soňky döwür meni “teswirler”-de ady belli bolan blogçy Baýram-Jm (gysgaça Jm) bilen garyşdyryp başladylar. Birnäçe gezek meni Jm-dir öýdüp dürli soraglar bilen maňa ýüzlenýärler.

Google Plus-da biri meni Jm-dir öýdip dostluga goşupdyr. Beýlekileri maňa ertir.com ulgamynda şahsy hat ugradýarlar. Ahyry ertirdäki agzalardan biri pikirler bölüminde bir sorag berdi: “chishik bilen Bayram-Jm bir adammy?” – diýip. Şol ýerde birnäçe jogap bilen Jm ikimiz meselä anyklyk getiripdik. Ýöne soň hem şeýle soraglar ýüze çykmaz ýaly Jm bilen özümi deňeşdirip ýazmany synaşjak.

Continue reading →