Ýokary okuw jaýynda okaýarkak biziň kellämize plagiatyň (çeşme görkezmän sitata etmek) uly aýyp hasaplanýanlygyny we akademiki intelligensiýasynda plagiat ýaly uly günä ýokdygy pikirini gowja ornadypdylar.

Men hem şondan soň hemişe we herýerde çeşmäni görkezmek endik edindim. Başgalary hem çeşmäni görkezmän birzatlar ýazanlarynda gaharym gelýär.

Şugün dynç günimi ertir.com saýtynda birnäçe teswir ýazyp geçirmek niýetimdedi. Ýöne saýta girip baş sahypadaky ýazgylary okap başlanymda gözüme bir mowzuk ildi. Okaýan welin, ýazylanlar ýaman tanyş… Hut men barada gürrüň gidýän ýaly…

Soň özümiň ýazanja mowzuklarymy barlap gördim, arasynda ýok. Soňam öz blogymdaky mowzukary görenimde tapdym.

Ady näbelli “Lastocka” agza atly bir şahsyýet, meniň 2011-nji ýylyň aprel aýynda ýazan Internet atly mowzugy ogurlap (hawa, ogurlap!!!) öz adyndan täze mowzuk edip açypdyr. Içinde meniň blogyma bag ýada çeşme görkezmändir.

Soňlugy bilen mowzugy üýtgetmegi mümkin bolanlygy sebäpli şol ady geçen mowzugyň suratlaryny hem aldym.

Barlap görseňiz plagiarizm 99% töweregi. Diňe ilkinji sözlemi gysgaldypdyr. Galan ýerleri dolulygyna meniň mowzugymdan alynan.

Men ady geçen agzadan mowzugynda meniň blogymy çeşme hökmünde girizilmesini talap edýärin.

6 Comments

  • whatver

    Intdaki bloglar Creative Commons license gora yoreyar…internet ozi duybi bn sharing platforma…islendik zatda hukugyny goramak islesen yorite Trust Security'lere register etmeli..ozam arzan zat dal! luboy kompaniya oz logolaryny we icindaki contentlerini kopyalanmazlygy yaly register edyaler..eger biri kopya edilse shol Trust kompania tarapyndan yzarlanyp gerekli jerimesi berilyar. Uns berip gor, company saytlaryn ashagynda All trademarks and Logo are registered to its whatever…Senin shu yerde hukugyny talap etmage 100-de 0.000001% hem yok! Islesen Sudlashyp gor! Dogry diyersin, adamda ynsap bolmaly bla bla bla…men ondan gurlamok..duzgun boyunca aytyan…jemlesem shu agzanyn shu mowzugy senin saytyndan kopyalap doly bashga yere goymaga haky bar we oz islegine gora uytgetmage DOLY HUKUGY BAR!

    • indi geleli creative commons lisenziýasyna…

      eger lisenziýalaryň tekstlaryny okap gören bolsaň olaryň hemmesinde esasy çeşmäni görkezmek şerti bar.

      men bul ýerde ol agza bilen jedele giremok ýa-da sudlaşamok… meniň talabym diňe ýazan mowzugynda meniň blogyma çeşme bermegi… meniň başga zatlar talap etmäne hiç hilli hakym ýok…

      indi bul blogyň ýazylmagyna geleli…

      bul meseläni eger biz bloggerlar dur diýmesek başyny alyp gider… häzir orta mekdeplerde ýazylan ýönekeýje düzmelerde plagiata duş gelinende çaganyň ene-atasy çagyrylyp duýduryş berilýär… gaýtalanan ýagdaýda bolsa okuwdan kowulmagyna çenli gidilip bilinýär… (diýýän zatlarym türkmenistan üçin däldir.) bir internet ulanyjysynyň beýlekilere hormaty ýok bolsa meniň hem hormatym bolmaz…

      • whatver

        "Dogry diyersin, adamda ynsap bolmaly bla bla bla…men ondan gurlamok..duzgun boyunca aytyan" shuny belledim…Gepi uzaltmasam shonun shol mowzugy yazmagy doly hukugy bar we islese cheshmesini goyyar islemesede oz haky…Sen internede goydun, lisenziyan yok dimek FREE TO SHARE

  • your indian friend

    Mendede on bir gezek shuna menzeshirak waka bolupdy, yone netsenem buna chare gorkezmek kyn, sebabi media uchin gaty mohum bolmasa autorlyk hukugy umuman goralmayar.

  • Bizde mydama-da şeýle wakalar bolýar. Onuň öňüni almak kyn. Ynsap adamlaryň wyždanyna ornaşmaly. Birnäçe gezek öz saýtymyzda goýan işlerimiziň vk, facebook, odnoklassnik ýaly sahypalarynda çeşme görkezilmezden goýlanyny gördük. Men saňa duýgudaşlyk bildirýärin.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *