Ýagyşly Bangkok güni Agajan bilen myžžyk bolup elimizde täzeje tablet (planşet) kompýuteri bilen geldik. Meniň köpden bäri Taýlandda satuwa çykmasyny garaşýan enjamdy. Tablet 3G ulgamynda işleýän we 16GB ýada eýe bolan wersiýasy.

Enjam Apple firmasynyň iPad bilen meňzeşligi sebäpli iki firma arasynda hukuk meseleleri dowam edip gelýär.

Enjamyň harakteristikalary barada Internetde maglumat kän. Men bul ýerde esasan öz synlarym we duýguarymy paýlaşaýyn diýdim.

Bul ýerde elime geçen gutyny açyp başlaýan. (Aslynda gutysyny ilk açylşyny hem surata düşürmek islärdim welin ýanymda fotoapparatym ýokdy.)

Enjamyň daş töwereginden görnüşi:

öňünden:

arkasyndan:

ýokarky panel we arkadaky kamerasy:

we käbir detallar:

Korobkadan çykan beýleki zatlar:

Işläp duran Galaxy Tab:

Tableti goramak üçin we ulanylanda ýeňillik üçin oňa gap hem gerekli bolar:

Garaz, enjamda görer ýaly zatlary kän. Hemmesini bir mowzuga sygdyrmak hem kyn bolar. Şonuň üçin beýleki suratlaryny göresiňiz gelse şul albomdan görüp bilersiňiz:

http://imgur.com/a/ErVOB

Indi geleli ondaky operasion sistema. Enjam Android OS 3-nji wersiýasynda işleýär. 3-nji wersiýasy tabletler üçin öndürilen ilkinji Android sistemasy. Ondan öňkiler diňe telefonlar üçin niýetlenendi. Birnäçe günden (Oktýabryň 19-da) Androidiň 4-nji wersiýasy hödürlenjek (Ice Cream Sandwich). Aşakdaky linkde berilen albomda Androidiň içindäki programmalaryň suratlaryny görüp bilersiňiz:

http://imgur.com/a/0Ffhz

Android Google firmasy tarapyndan ösdürilýän platforma bolany sebäpli ol sistemadan has köp peýdalanmak üçin Google hasaby bilen registrasiýa edilmeli. Registrasiýa edilenden soň Android Market-den özüňize goşmaça programma alyp bilersiňiz. Elbette käbir programmalar üçin pul tölemeli bolar, ýöne şonda-da mugt we peýdaly programmalaryň sany kän.

Birem Android üçin programma (app: application) satylýan online magazinleriň birnäçesi bar. Bularyň arasynda meşhur online magazin Amazon-da hem Android Appstore hem bar. Ol ýerde hem mugt app tapsa bolýar. Birem her gün pully bir programmany mugt alsa bolýar.

Aslynda Android meniň üçin täze platforma. Şonuň üçin meniň özüm hem kän tejribeli däl. Wagtyň geçmegi bilen täze-täze zatlary öwrenjegime ynanýaryn.

3 Comments

  • Kemal

    Hormatly …

    Birinci bilen men soracak soragym, name uchin samsung galaxy enjamini saylap aldiniz we beyleki tabletlerden ustunlikli goren yerlerniz niresi? Soft tarapdanam aydip berseniz begenern.

    İkinciden name uchin sizin saydinizin ady bayramtm, name uchin ….com dal ?

    • your indian friend

      Men ozumde tablet yok welin, yone kopusini synlap gordum we men pikirimche samsung we apple tabletleri in govulary. Ipad barada aydybam durjak dal, monopolistligine garamazdan onun kop yeter-yetmezlikleri kan samsunga garanda. Shon uchin samsung Ipad'e esasy konkurent bolup duryar. Operativniy sistema Android'in sonky versiyasy hem erbet dal.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *